Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Tebipçilik möwjeýär


Tebip hassany "bejerýär"

Tebip hassany "bejerýär"

Türkmenistanyň hassahanalarynda öz derdine şypa tapyp bilmändigini aýdýan Gaýgysyz, ýerli saglygy goraýyş edaralaryna netijesiz gatnap, yzly-yzyna biderek pul harçlamakdan ýadandygyny belleýär.

Gaýgysyzyň elinde ekzema atlandyrylýan gyzyl örgünleriň peýda bolanyna indi bir ýyldan hem gowrak wagt geçdi.

Gaýgysyz ýerli lukmanlaryň üç-dördüsinden bejergi alandygyna garamazdan, derdiniň ýeňlemändigini hem-de bir lukmanyň şol bir keseli bejermek üçin bellän bejergi kurslarynyň beýleki bir lukmanyň bejergi usulyna düýbünden ters gelýändigini aýdýar.

Lebaply Gaýgysyz mundan beýläk ýerli tebiplere ýüz tutaýmasa, başga çäresiniň galmandygyny göwnüçökgün gürrüň berýär.

Edil Gaýgysyz ýaly, Türkmenistanda başga adamlaryň-da öz saglygyna seretdirmek üçin, ýörite medisina bilimi bolmadyk tebiplere gatnamak tendensiýasynyň öňden hem bardygy aýdylýar. Çüf-çüf edip, adamlaryň kesellerini bejermäge çalyşýan we öý şertlerinde häzirki zaman medisina gabat gelmeýän, käbir halatlarda oňa ters gelýän usullary ulanyp, pul gazanýan tebiplere Türkmenistanyň ähli welaýatdyr etraplarynda duşsa bolýar.

Tebipler köpelýär

Garaşsyzlyk etrabyndan özüni Myrat diýip tanadan ildeşimiz öz ýaşaýan etrabynda molla-tebipleriň köpdügini aýdýar.

“Etrabymyzyň Ýazaryk we Kaksaçan obalaryna ‘hojalaryň obasy’ hem diýilýär, sebäbi bu obalarda “men hoja” diýip, adamlara aýat-doga okap berýän hem-de başga dürli usullar bilen olaryň keselini bejerýänler köp” diýip, Myrat atly ildeşimiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Myradyň sözlerine görä hojalaryň öýlerine beýleki welaýatdyr şäherlerden ýol söküp gelýänlerem az däl.

Sebäp nämede?

Medisina bilimi bolmadyk tebiplerden şypa gözleýänleriň köpelmeginiň esasy sebäpleriniň biri hökmünde, “çüf-çüf edip, kesel bejerýär” diýilýän adamlaryň öz hyzmatlary üçin adamlardan degişlilikde kän pul talap edip durmaýandygy bilen düşündirilýär.

Mysal üçin, Gaýgysyz özüniň ekzema keselini bejertmek üçin lukmanlara 450 manat töweregi harçlan bolsa, tebip ondan özüniň her “prosedurasy” üçin 20 manat, umumy hasapda bolsa jemi 100 manat sorapdyr.

Şeýle-de tebipleriň “çilimi taşlatjak” diýip 100 manat, böwrek agyryny, kellagyryny bejereni üçin 20-30 manada golaý “aklyk” alýandygy aýdylýar. Emma müşderiniň gurbuna görä, hyzmatyň nyrhlarynyň üýtgäp bilýändigini hem aýdýarlar. Ýagny, şol bir edilen hyzmat üçin bir adamdan köprak pul alnyp, beýleki bir adamdan hem ýagdaýyna görä, azrak töleg alynýan wagtynyňam seýrek däldigini gürrüň berýärler.

Bejeriş "metodlary"

Tebipleriň arasynda ot-çöp bilen kesel bejerýänler, aýat doga okap kesel bejerýän molla-müftüler we mistiki jadygöýlüge meňzeş usullar bilen kesel bejerýän tebiplerem bar.

Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy Myrat hem etrabyň Ýazaryk we Kaksaçan obalarynda syrkaw adamlara doga-däri berýänler bilen bir hatarda has-da geňsi, ýagny medisina ylmyna düýbünden ters gelýän usullary ulanyp kesel bejerýänleriň hem bardygyny aýdýar.

Beýle usullar bilen keselini bejertmek islänleriň peýda däl-de, zyýan çekýän halatlarynyň-da az bolmaýandygyny aýdýan ildeşlerimizem bar.

“Etrabymyzda bir ýaz zenan güýçli kellagyry bilen, lukmana barman, ady belli hoja ýüz tutýar, ol hem gara towuk getirdip, birzatlar okap ol zenana şol towugyň ganyny akdyryp etinden iýse gutuljakdygyny aýdypdyr. Ol zenan hojanyň öýünden yzyna gelen gününiň gijesi eýýäm ýogaldy” diýip, özüni Myrat diýip tanadan ildeşimiz gürrüň berýär.

Şol bir wagtda ýerli lukmanlar raýatlaryň saglygyna seretdirmekleri üçin tebipdir-mollalara gatnamazlygyga çagyrýarlar. “Aldawçy tebipleriň edýän işleri Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelýär, ýagny olar bu ugurda hiç bir ýörite bilimi bolmazdan, lukmançylyk bilen meşgullanmaga synanyşýarlar. Emma, muňa garamazdan, ol adamlara garşy kanun esasynda juda seýrek çäre görülýär, ýa-da hiç hili çäre görlenok” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik lebaply lukman Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýdýar.

Her niçik-de bolsa, tebiplerden em gözläp baran adamlaryň käbiri, bu özboluşly "bejergiden" belli bir derejede şypa tapandygyny aýtsa-da, olaryň aglabasy deridenden gutulyp bilmändigini aýdýar. Lebaply Gaýgysyz hem tebibe gatnap başlanyna indi birnäçe aý geçse-de, öz elindäki ekzemanyň, ýagny gyzyl örgüniň arýylyp gidibermeýändigini gürrüň berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG