Sepleriň elýeterliligi

Läle: "Türkmen lukmanlary ejemi nädogry bejeripdirler"


Operasiýa geçirýän doktorlar

Operasiýa geçirýän doktorlar

Türkmen resmileri Türkmenistanyň saglyk pudagynda berilýän hyzmatlaryň döwrüň talabyna laýyk bolmagy üçin ençeme keselhanadyr hassahanalaryň açylandygyny aýdýarlar.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ildeşlerimiz Türkmenistanda hödürlenýän saglyk hyzmatlarynyň o diýen göwnejaý däldigini ýygy-ýygydan belläp geçýärler. Şol sebäpden hem ençeme türkmenistanlynyň saglygyna seretdirmek üçin daşary ýurtlara gidýändigi aýdylýar.

Şeýle raýatlardan biri hem öz ejesini ýakynda üçünji sapar Türkiýä alyp baran türkmenistanly zenan. Ol saglygyna seretdirmek üçin näme sebäpden ejesini Türkiýä alyp barandygy we Türkmenistan bilen deňeşdirende Türkiýäniň saglyk pudagynyň nämeler bilen tapawutlanýandygy hakda gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň Läle atly zenan bilen geçiren söhbetdeşligini diňleemk üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG