Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Serdar" üçin ýykylan atlar


Paýtagtyň merkezinde oturdylan bu ýadygärlikden häzir diňe S.Nyýazowyň heýkeli galypdyr.
Paýtagtyň merkezinde oturdylan bu ýadygärlikden häzir diňe S.Nyýazowyň heýkeli galypdyr.
Aşagabatda “On at” ýa-da “Kyrkaýak” atlary bilen il içinde belli bolan Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp gurlan ýadygärlik aýrylýar. On sany atyň we S.Nyýazowyň heýkellerinden ybarat bu ýadygärlik 2001-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda açylypdy.

Paýtagtyň merkezinde oturdylan bu ýadygärlikden häzir diňe S.Nyýazowyň heýkeli galypdyr. Onuň hem bu ýerden aýryljakdygy aýdylýar. Käbir maglumatlara görä, bu ýadygärligiň aýrylmagy onuň ýerleşýän parkynyň durkunyň täzelenmegi bilen bagly.

"10 at" we S.Nyýzowyň heýkeli. 2013 ý.
"10 at" we S.Nyýzowyň heýkeli. 2013 ý.
Bu ýadygärlikler toplumynyň şäheriň merkezinden aýrylmagy ilaty belli bir derejede haýran galdyrdy hem diýse bolar.

“Bu ýadygärligi aýyrmak nämä gerek? Öňem ony gurmak üçin pul çykdajy edip, indi ony aýryp, ýerinde täze park gurmak üçinem ep-esli pul sarp ediler” diýip, paýtagtly taksiçi Aman Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Resmi düşündiriş we bu ýadygärligiň mundan beýläkki ykbaly barada hiç hili habar berilmese-de, paýtagtlylaryň käbirleriniň pikiriçe, bu ýadygärligiň aýrylmagynyň düýp sebäbi onuň öňündäki ozalky prezident S.Nyýazowyň heýkelinde.

“Nyýazowdan soňky täze hökümet onuň döwrüniň simwollaryny aýyrjak bolýar. Ýuwaş-ýuwaşdan paýtagtda onuň ady bilen bagly zatlaryň ählisi aýrylar” diýip, paýtagtly medeniýet işgäri Oraz öz çaklamasyny aýdýar.

Orazyň aýdýanlary bilen belli bir derejede ylalaşmazça hem däl. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda S.Nyýazowyň adyny göterýän etrapdyr, edara-kärhanalaryň atlary çalşyldy. Mysal üçin, paýtagtyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň ady Bagtyýarlyk diýip üýtgedildi. Milli medeniýet merkezinden hem onuň "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky" diýen goşmaçasy aýryldy.

Nyýazowyň paýtagtyň öňki şäher häkimliginiň öňündäki we serhet gullugynyň binasyndaky heýkelleri hem şol binalar bilen birlikde ýok edildi.

"Ruhy miras"

Şeýle-de S.Nyýazowyň “ruhy mirasy” hem ýok edilýär. Onuň ýazdy diýlip yglan edilen "Ruhnama" kitabynyň paýtagtdaky ýadygärligi öňki ýerinde dursa-da, indi "Ruhnamany" kitap dükanlaryndan tapmak mümkin däl. Bu kitap boýunça indi, öňki ýaly, orta mekdeplerinde hem sapak geçilmeýär.

Orta mekdepleriň okuw kitaplarynyň birinji sahypalaryndaky Nyýazowyň suratlary hem Berdimuhamedowyň portretleri bilen çalşylýar. Şeýle-de onuň döretdi diýilýän goşgulary hem indi hiç kime ýat tutdurylmaýar.

Emma häkimiýetleriň Nyýazowyň şahsyýet kultuna garşy alyp barýan işleri resmi metbugatda giňden beýan edilmeýär. Bu alnyp barylýan işler köplenç halatda gümürtik ýagdaýda amala aşyrylýar. Nyýazowyň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň adyny göterýän edaradyr-kärhanalaryň atlary üýtgediljek bolunsa, kähalatda şol edaralaryň rekonstruksiýa edilýän mahallary hem bolýar.

Mysal üçin, Nyýazowyň ejesiniň ady dakylan kinoteatr rekonstruksiýa edilip, “Türkmenistan” diýlip atlandyryldy. Paýtagtdaky S.Nyýazowyň ady dakylan Olimpiýa stadiony we halkara aeroporty hem ilki doly ýumrulyp, soňam täzesi gurlup, olara başga at goýuldy.

S.Nyýazowyň kakasynyň monumenti hem söküldi.
S.Nyýazowyň kakasynyň monumenti hem söküldi.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, bu proses diňe S.Nyýazowyň kulty bilen bagly simwollara degişli bolman, eýsem onuň ejesi we kakasy bilen bagly nyşanlara hem degişli. Soňky günlerde S.Nyýazowyň kakasynyň adyny göterýän prospektiň ugrundaky parkdaky onuň ýadygärligi ýerinden sökülip aýryldy.

S.Nyýazowyň ejesiniň ady dakylan žurnalyň, ordeniň atlary hem üýtgedilip, olardan onuň şekilleri aýryldy. Häzirki döwürde Nyýazowyň ejesiniň ady dakylan Gurbansoltan eje prospekti hem doly rekonstruksiýa edilýär. Şondan soň bu prospektiň hem adynyň ütgedilmeginiň ähtimaldygy aýdylýar.

Garaz, S.Nyýazowyň özi hem-de onuň maşgala agzalary bilen bagly simwollardan ýurdy halas etmek ugrunda hökümetiň alyp barýan işleri göze ilýär. Emma şol bir wagtda-da resmiler bu alnyp barylýan kampaniýany gös-göni S.Nyýazowyň şahsyýet kulty bilen baglanyşdyrmaýarlar.
XS
SM
MD
LG