Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Täjigistana sapar etmekçi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow hökümet maslahatynda döwlet ýolbaşçysynyň Täjigistana we Hytaýa saparynyň taýýarlanýandygyny aýtdy.

«Türkmenistanyň prezidentiniň Täjigistan respublikasyna resmi sapary 5-6-njy maýa planlaşdyryldy» diýip, resmi maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de Meredow Türkmenistanyň prezidentiniň Hytaýa saparynyň planlaşdyrylandygyny aýtdy.

Bu saparlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dokumentlerine gol çekiljegi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG