Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Russiýadaky tokaý ýangyny ýowuzlaşdy


Russiýanyň resmileri ýurduň Sibir sebitinde emele gelen güýçli tokaý ýangynlarynyň ýaýrap, has ýowuzlaşandygyny habar berýärler.

Russiýanyň Sibir federal regionynyň berýän maglumatyna görä, 5-nji maýda 140 müň 471 gektary öz içine alýan territoriýada 104 tokaý ýangyny hasaba alnypdyr.

Gürrüňi edilýän tokaý ýangyny Sibiriň Zabaýkalskiý regionyna, Kranoýarsk regionyna we Tuwa, Altaý, Burýatia we Hakassia respublikalaryna öz täsirini ýetirdi.

Zabaýkalskiý regionynyň we Burýatiýa respublikasynyň dolandyryjylary iki sebitde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler.

Geçen hepde tokaý ýangynlarynyň Zabaýkalskiý regionyndaky ok-däri saklanylýan harby ambara ýaýramagy netijesinde gürrüňi edilýän binada birnäçe sagat dowam eden partlama bolupdy. Şol wakada azyndan ýedi adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG