Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bapba Gökleňi ýatlap…


Bapba Gökleňiň gazetleriň birinde çap bolan suraty
Bapba Gökleňiň gazetleriň birinde çap bolan suraty
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

"Bolmaz boljak boljagam,
Boljak bolmajak bolar.
Bolmajak bolmajagam
Boljak bolanda bolar."
Bapba Göklen

"Sen gideliň dokuz ýyldyr öteni,
Kaýda mesgen tutduň, gardaş Abdylla?"
Magtymguly

Sen gideliň ýedi ýyldyr öteni,
Ýedi ýyldyr saňa jennet ýeteni.

Seni bu dowzahda ýaşatmadylar,
Şükür, yzyňdan-a daş atmadylar!

Türkmen diňe ölüp beýgelip bilýä,
Türkmen öz üstünden birehim gülýä.

Türkmen otyr öz-özüni tanaman,
Bu ne döwür boldy? Niçiksi zaman?

Şeýtan perişdeden ýokarda gaýýa…
Şahyry öldüren jezasyz galýa!

Il içre arkaýyn gezip ýör ganhor,
Gudraty güýçlini zor görmeli, zor!

Gudraty güýçlümi ýa-da arkasy?
Haram işe bellemezler her kesi.

Näme günäň bardy beýdip gidere,
Ezraýyla beýle karam edere?

Dogruçyldyň. Päkdiň. Sadadyň. Mertdiň.
Režimiň böwrüne sanjylan dertdiň.

Iň uly güýmenjäň – küşt bilen sazdy,
Sen köpüň dostudyň. Seň dostuň azdy.

Gazet-žurnallaryň işiklerinden
Goşgyňy goltuklap kän gaýdypdyň sen.

Seni çap etjekleň ýok bu gün sany!
…Modilýaniň suratlary mysaly.

Awtoryň yzynda galan esere
Bu gün pul ýetenok baha kesere!

Bapba Gökleňiň mazary
Bapba Gökleňiň mazary
Her zat görjek eken ölmese adam,
Boljak bolsa bolýa bolmajak zadam:

Bizi ownatmaga çalşyp irikäk,
Köp gülýäler üstümizden dirikäk.

Gidenmizden soňra başlanýa agy…
Biz şol göreniň-de, Pyragy!

Türkmen öz üstünden birehim gülýä.
Türkmen diňe ölüp beýgelip bilýä.

24.12.1998, Stokgolm
XS
SM
MD
LG