Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow jenaýatyň derňelmegini soraýar


 Reşit Meredow
Reşit Meredow
Owganystanyň prezident edarasynyň ýaýradan beýannamasyna görä, prezident Hamid Karzaý düýn Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşdy.

Şonda Meredow iki ýurduň araçäginde soňky günlerde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagyndan howatyrlanma bildiripdir.

Türkmen resmisi owgan hökümetinden serhetde asudalygy saklamak üçin çäre görülmegini sorapdyr.

Owganystanyň Pazwok habar agentliginiň ýazmagyna görä, Meredow tizlikde iki ýurduň wekilleriniň arasynda howpsuzlyk meselesi boýunça duşuşygyň geçirilmegini teklip edipdir.

Şeýle-de Meredow Owganystanyň Farýap we Badgys welaýatlarynyň Türkmenistan bilen serhetýaka etraplarynda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny, ýaragly adamlaryň türkmen serhetçilerini öldürendigini aýdypdyr.

Türkmen resmisi owgan hökümetinden bu waka boýunça derňew geçirilmegini hem-de türkmen serhetçilerini öldürenleriň jogapkärçilige çekilmegini talap edipdir.

Owganystanyň prezident edarasynyň ýaýradan beýannamasyna görä, prezident Karzaý hem öz gezeginde türkmen-owgan serhedinde bolan wakadan özüniň habarlydygyny aýdypdyr we türkmen serhetçileriniň ölümine gynanç bildiripdir.

Prezident Karzaý Owganystanyň howpsuzlygy goraýjy gullugynyň ýolbaşçylaryna bu hili wakanyň gaýtalanmazlygy üçin çäre görülmegini tabşyrypdyr.

Emma muňa garamazdan, syýasy synçy, öňki owgan diplomaty Ahmad Seýdi «serhedi goramak Owganystanyň howpsuzlygy goraýjy güýçlerine başartmaýar, serhedi goramak üçin Türkmenistanyň özi alada etmeli» diýýär.

Owganystanyň prezident edarasynyň ýaýradan beýannamasynda aýdylmagyna görä, prezident Karzaý türkmen-owgan serhedinde bolan wakanyň daşardan gurnalan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürüpdir.

Ol bu hili ýagdaýlaryň öňüni almak üçin Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda razwedka hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhümdigini nygtapdyr.

Soňky döwürde demirgazyk Owganystanda, hususan-da Farýap we Badgys welaýatlarynda howpsuzlyk şertleri günsaýyn ýaramazlaşýar.

Ýatladyp geçsek 24-nji maýda Türkmenistanyň, Owganystanyň Bala Murgap etraby we 26-njy fewralda hem Mukur etraby bilen serhetleşýän böleklerdäki harby nokatlara, Owganystanda ýerleşýän söweşijiler tarapyndan edilen hüjümlerde jemi 6 sany türkmen serhetçisi atylyp öldürildi. Şol hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.
XS
SM
MD
LG