Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Açlyk çekýän Mingelow ölüm halynda


"Amnesty International" guramasynyň emblemasy
"Amnesty International" guramasynyň emblemasy
Amnesty International guramasy Türkmenistan açlyk yglan eden ölüm halyndaky tussagyň işine gaýtadan garamaly diýip çykyş edýär. Guramanyň 2-nji iýunda ýaýradan beýannamasynda “adalatsyz tussag edilen adam hukuklaryny goraýjy aktiwist 14 günläp açlyk çekensoň, ölüm halynda” diýip, habar berilýär we türkmen häkimiýetlerinden tussagyň işine gaýtadan garalmagy talap edilýär.

39 ýaşly Mansur Mingelow 19-njy maýdan başlap suwdan we iýmitden ýüz öwürdi. Neşe we çaga pornografiýasy bilen bagly aýyplamalar esasynda 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Mingelow özüne ýöňkelen günäni ret edip, protest hökmünde açlyk çekýär diýip, Amnesty International guramasy türmäniň lukmanynyň Mingelowyň agyr ýagdaýdadygyny tassyklandygyny ýazýar.

Subutnamalar

Amnesty International guramasy Mansur Mingelwoyň ykbaly bilen bagly uly aladalanma bildirýär. Guramanyň wekili Reýçel Bagler Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Mansur Mingelow 2012-nji ýylda polisiýanyň tussaglary, esasan-da, buluç etnik toparynyň wekillerini gynamalara sezewar edýändigini görkezýän subutnamalary ýygnansoň, tussag edildi”.

Amnesti International Mansur Mingelowa adalatly bolmadyk suduň karary netijesinde höküm çykarylandygyny belleýär.

“Amnesty International Mingelowyň işi boýunça köp düzgünleriň bozulandygy sebäpli aladalanma bildirýär, hususan-da işiň gidişinde tanama düzgüni berjaý edilmedi, şaýat diýlip görkezilen adamlar türkmen diline düşünmeýän hem bolsalar, kagyzlara gol çekmäge mejbur edildiler. Şeýle-de Mingelowa suduň dowamynda öz islegine görä aklawçy saýlamak hukugy berilmedi” diýip, Reýçel Bagler mälim etdi.

Mingelowy halas etmek

“Türkmenistanyň häkimiýetleri öz borçlaryny berjaý edip, Mingelowyň işine gaýtadan garalmagyny üpjün etmek arkaly onuň ölmeginiň öňüni alyp bilerler” diýip, Amnesty International guramasy öz maglumatynda belleýär.

Reýçel Bagler Amnesty International gurmasynyň ýaýradan bu gyssagly beýannamasy bilen bilelikde BMG-niň edaralary we käbir halkara hökümetleri bilen işleşýändigini we olary türkmen hökümeti bilen gepleşiklerde Mingelowyň işi boýunça meseläni gozgamaga ündeýändigini aýtdy.

Birinji tussaglyk

Mansur Mingelow 2012-nji ýylyň iýun aýynda öz dogany Rustam tussag edilen gününiň ertesi neşe bilen bagly aýyplamalaryň esasynda birinji gezek tussag edilipdi. 15 günden soň boşadylan Mansur Mingelow özüniň we öz doganynyň tussaglykda gynamalary sezewar edilendigi barada şikaýat edipdi. Netijede iki sany polisiýa ofiseri wezipelerinden boşadylypdy.

Munuň yzysüre Mansur Mingelow gynamalara sezewar bolan beýleki adamlardan, esasan buluçlardan, subutnamalary toplap başlapdyr. Mingelow toplan maglumatlaryny ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna we Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberipdir.

Mansur Mingelowyň Türkmenistanyň Baş suduna we beýleki resmilerine iberen ýüzlenmeleri jogapsyz galýar. Mingelow Lebap welaýatynyň Seýdidäki türmesinde saklanýar diýip Amnesty International guramasy habar berýär.
XS
SM
MD
LG