Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Çagalar agyr zähmetde işleýär"


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki kerpiç zawodynda zähmet çekýänleriň arasynda çagalaryň hem bardygy aýdylýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki kerpiç zawodynda zähmet çekýänleriň arasynda çagalaryň hem bardygy aýdylýar.

Türkmenistanda çaga zähmeti kanun esasynda gadagan edilen bolsa-da, käbir hususy zawodlarda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň işledilýändigi aýdylýar.

Türkmenistandan gelip gowşan maglumatlara görä, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hususy kerpiç zawodynda 14-15 ýaşyndaky çagalaryň agyr iş şertlerinde hepdäniň ýedi güni her gün 12 sagada golaý zähmet çekýändigi bellenilýär.

Türkmenabadyň kerpiç zawody
Türkmenabadyň kerpiç zawody

​Maglumatlarda käbir hususy kärhanalarda kämillik ýaşyna ýemedik çagalaryň zähmetinden peýdalanmagyna döwlet tarapyndan ýeterlik derejede gözegçilikleriň hem edilmeýändigi nygtalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diň;lemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:05 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG