Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Esasy kanselýariýa harytlary geçýär"


Hususy kitapçylaryň köpüsinde häzirki döwürde neşir edilen täze türkmen kitaplary örän az.
Hususy kitapçylaryň köpüsinde häzirki döwürde neşir edilen täze türkmen kitaplary örän az.

Aşgabadyň bazarlarynda hususy kitap satýan birnäçe söwda nokatlary bar. Paýtagtyň käbir bazarlarynda hususy kitap dükanlary-da bar. Mysal üçin, “Gülüstan” söwda merkezindäki (“Ors bazar”) we Parahat mikroraýonyndaky bazarda 1-2 sany şolar ýaly hususy kitap dükanlary bar. Emma hususy kitapsatarlaryň köpüsinde aýratyn dükan jaýlary ýok. Käbir ýerlerde hususyýetçiler köçeleriň ugrunda hem kitap satýarlar.

Hususy kitap satyjylaryny birleşdirýän ýagdaý diňe olaryň köpüsiniň jaýlarynyň ýoklugy däl. Olaryň satýan neşir önümleriniň assortimentiniň belli bir derejede birmeňzeşligi. Bu olary biri-birine meňzedýän esasy zat.

Hususyýetçi kitap söwdagärleriniň harytlarynyň arasynda dürli görnüşlerdäki sözlükleriň, daşary ýurt dillerindäki detektiwleriň we beýleki “geçginli” diýlip hasaplanýan çeper edebiýatyň bardygyna garamazdan, olaryň satýan neşir önümleriniň aglabasy otkrytkalardan, kalendarlardan we bloknotlardan ybarat.

Assortiment

Geçginli harytlar kitapdan beýleki neşirýat önümlerinden ybarat
Geçginli harytlar kitapdan beýleki neşirýat önümlerinden ybarat

Hususy kitapçylaryň köpüsinde häzirki döwürde neşir edilen täze türkmen kitaplary örän az. Bolanlary-da köplenç çagalar üçin erteki ýa-da gysgajyk hekaýalar kitaplary. Olaryň satuw tekjelerinde sowet döwründe türkmen dilinde neşir edilen bukinistik kitaplar hem bar.

Häzirki döwürde türkmen dilinde neşir edilýän az sanly kitaplaryň hem hususy kitap dükanlarynda satylmaýanlygynyň bir sebäbi – olary müşderileriň satyn almaýanlygyndan diýip düşündirilýär. Şol sebäpden hem hususy kitapçylaryň köpüsüniň geçginli harytlary, başda aýdyşymyz ýaly, kitapdan beýleki neşirýat önümlerinden ybarat.

Kitap söwdagärleri bu ownuk-uşak söwdadan gelýän girdejiniň olara dükan jaýyny arenda alyp, söwda işini dowam etmäge mümkinçilik bermeýändigini aýdýarlar. Şonuň üçin olar adaty bazar söwda nokatlarynda ýa-da ýaňky aýdyşymyz ýaly köçeleriň trotuarlarynda söwda etmeli bolýarlar.

Çaphanalar

Ýeri gelende aýtsak, ýurtda birnäçe hususy çaphanalaryň bardygyna garamazdan, olarda, esasan, edara iş kagyzlary, bukletler, otkrytkalar, kalendarlar we şuňa meňzeş neşir önümleri çap edilýär. Emma welin, çaphana bar bolsa-da, olar kitap çap etmeýärler. Sebäbi olara kitap çap etmäge rugsat berilmeýändigi aýdylýar.

Halkara Kitap sergisi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00

Aşgabatda ýylda bir gezek geçirilýän Halkara kitap sergisinde hem hususy çaphanalar jemgyýetçilige döwrebap kitap önümlerini däl-de, eýse diňe ýaňky ady agzalan ownuk-uşak çap önümlerini görkezip oňmaly bolýarlar. Olaryň bu harytlaryna hususy we döwlet kitap dükanlarynda hem duşmak bolýar.

Resmi maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 179 görnüşi, şeýle hem okuw edebiýatynyň 85 görnüşi çap edilipdir.

XS
SM
MD
LG