Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Tolkun: “Sungatda erkinlik bolmaly”


Täze Tolkun: “Sungatda erkinlik bolmaly”
please wait

No media source currently available

0:00 0:29:59 0:00
Ýükle

Türkmenistanda soňky ýyllar döwlet eýeçiligindäki kino sungatynyň pese gaçandygy, döredilýän kinolaryň halk içinde meşhurlygynyň azalandygy aýdylýar. Ýogsam bolmasa, Sowet döwründe döredilen türkmen filmleri halk içinde uly meşhurlyk gazanypdy. Emma indi, döwlet eýeçiligindäki kinostudiolaryň meşhurlygynyň peselmegi bilen, täze bir hadysanyň - hususy eýeçilikdäki kino sungatynyň döreýändigi aýdylýar. Şeýle-de, hususyýetçiler tarapyndan döredilýän kinolarda halk durmuşynyň, sosial meseleleriň, döwlet kinostudiosynyň kinolaryndan tapawutlylykda has gyzykly görkezilýändigi habar berilýär. Dogry, hususyýetçileriň döredýän kinolarynda professionallygyň ýetmeýändigi hem aýdylýar. Eýsem, türkmen kinosyndaky täze ýagdaý barada ýaşlar näme pikir edýärler? Nobatdaky Täze Tolkun gepleşigimizde bu soraga Türkiýede režissýorlyk ugrundan ýokary bilim alýan Maksat, surat almak bilen meşgullanýan we häzirki wagt Norwegiýada ýaşaýan Eziz hem-de ýokary bilimini daşary ýurtlaryň birinde dowam etdirýän Azat jogap berdi.

XS
SM
MD
LG