"ÝOJ-lar hemme üçin elýeter bolmaly"
Täze 2014/15-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna 6 müňden gowrak täze talyp gadam basar. Mälim bolşy ýaly, türkmen ÝOJ-larynyň okuw prosessi, mugallym-talyp gatnaşyklary, ýörite okuw formasy, köpçülikleýin çäreler ýaly özüne mahsus aýratynlyklary bar. Şol bir wagtda, daşary ýurduň ÝOJ-larynda hem on müňlerçe türkmen talyby bilim alýar. Eýsem, Türkmenistanyň ÝOJ-lary bilen deňeşdirilende daşary ýurtlaryň uniwersitetdir institutlarynyň nähili tapawutlyklary bar? Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan daşary ýurt okuw jaýlarynyň haýsy tejribelerinden peýdalanyp biler? Nobatdaky Täze Tolkun gepleşiginde bu soraglara ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlar Humaý, Merjen we Azat jogap berdi.
Epizodlar
-
Iýun 20, 2015
Aşgabadyň başbogy talaby
-
Maý 02, 2015
Türkmen mekdepleriniň tapawudy nämede?
-
Aprel 25, 2015
Türkmen zenanlary bagtlymy?
-
Aprel 18, 2015
Mugallym we okuwçy gatnaşyklary
-
Mart 28, 2015
Internet ahlaga täsir ýetirýärmi?
-
Mart 14, 2015
Ýaşlar etnigara nika nähili garaýar?