8-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidentiniň welaýat häkimleri we paýtagt resmileri bilen geçren iş maslahatynda gozgalan meseleleriň biri Ýaşulular Maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy we raýatlaryň 20-nji oktýabrda geçiriljek bu maslahatyň gün tertibine degişli tekliplerini öwrenmek tabşyrygy berildi.
Raýalaryň teklipleriniň we islegleriniň ähmiýeti Türkmenistanyň syýasy- jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalarda häkimiýetler tarapyndan wagtal-wagtal nygtalýar. Ýakynda G.Berdimuhamedowyň heýkelini dikmek meselesiniň-de ilatyň islegine görä gozgalandygy resmi maglumatlarda aýdyldy.
Eýsem Türkmenistanyň raýatlary haýsy-da bolsa bir mesele boyunça özlerinden teklip soralýandygyny nädip bilýärler? Häkimiýetleriň raýatlaryň tekliplerine garaşýandygy barada habar ilata nädip ýetirilýär? Azatlyk Radiosy sowal bilen türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi.