Sepleriň elýeterliligi

Bikanunçylyga iterýän gadagançylyk


Aşgabat, boş duran döwlet taksileri

Aşgabat, boş duran döwlet taksileri

Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki taksiler köpeldilýär, mikroawtobuslarda, il içinde «marşrutka» diýlip atlandyrylýan hususy awtoulaglarda bolsa ýolagçy gatnatmaga rugsat berilmeýär.

Aýdylmagyna görä, şäher arasynda gatnap işleýän raýatlar, şol sanda Aşgabat bilen şäher daşyndaky bazaryň arasynda gatnamaly bolýan adamlar «marşrutkalary» juda amatly ulag hasaplaýarlar.

Sebäbi olar adaty awtobuslara garanda çeýe hereket edip, adamlary wagtynda barjak ýerine ýetirip bilýär diýip, bize gowuşýan habarlarda aýdylýar.

Galyberse, paýtagtyň töweregindäki obalardan we etraplardan şähere süýt, gatyk ýa gök önüm getirýän raýatlar hem bu ulaglary amatly hasaplaýar; şol bir wagtda şäherde we onuň töwereginde jemgyýetçilik transportynyň, awtobuslaryň ilatyň talaplaryny doly ödäp bilmeýändigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy hususy «marşrutkalaryň» ykbaly bileni gyzyklanyp, ýerli synçy Nurberdi Nurmmämedow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG