Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýnşteýniň ogurlanan beýnisi


Albert Eýnşteýn.
Albert Eýnşteýn.

Onuň jesedini patalog-anatom Tomas Harweý kesip açyp, ölümiň sebäplerini kesgitläpdir we şonda onuň beýnisini ogurlap, gizläp goýupdyr...

Dünýä belli alym Albert Eýnşteýniň beýnisi mundan takmynan 60 ýyl owal ogurlanypdyr.

Adamzadyň ewolýusiýasy, ýagny emele gelşi baradaky garaýşyň tarapynda duran Eýnşteýn 1955-nji ýylyň 18-nji aprelinde ABŞ-da Prinseton keselhanasynda aradan çykandan soň onuň jesedi keselhananyň morgunda goýlupdyr. Onuň jesedini patalog-anatom Tomas Harweý açypdyr we beýnisini ogurlap, gizläpdir...

Eýnşteýn keselhanada bary-ýogy bir gün ýatypdyr. 76 ýaşyndaky alyma içki ganama diagnozy goýlupdyr. Ýöne ol operasiýa edilmekden ýüz öwrüpdir.

“Ýaşaýşy emeli görnüşde uzaltmaklyk manysyz”

Ol: "Men bu dünýäden öz islegim bilen gitmek isleýärin. Ýaşaýşy emeli görnüşde uzaltmaklyk manysyz işdir. Indi dünýäden göçmeli wagt geldi we men mynasyp görnüşde gitmek isleýärin" diýipdir.

Ýagdaýy juda agyram bolsa, asly jöhit bolan alym keselhanada Ysraýyl döwletiniň 17 ýyllygy mynasybetli telewideniýede etjek çykyşynyň tekstiniň üstünde işlemegi dowam edipdir. Emme ol işi tamamlap bilmändir... Şol günüň ertesi säher wagty aradan çykypdyr.

Eýnşteýniň özi ne beýnisiniň, ne-de başga organlarynyň öwrenilmegini isläpdir. Ol özüne buta çokunylyşy ýaly sežde edilmegine garşy bolupdyr. Hatda ol, ölenden soň janköýerleriniň öz mazaryny zyýarathana öwürmezligi üçin, jesediniň ýakylmagyny we külüniň hem hiç kimiň bilmeýän ýerine gizlinlikde sowrulmagyny wesýet edipdir.

Alymyň beýnisi

Emma Harweý alymyň beýnisini onuň maşgalasynyň razylygy bolmazdan, alyp galypdyr. Birnäçe gün soň, haçan-da bu ýagdaý äşgär bolanda, ol alymyň ogly Gans Albert bilen gürleşip, kakasynyň beýnisiniň ylmy taýdan öwrenilmegi üçin onuň razylygyny almaga synanşypdyr. Gans Albert, o diýen göwnemese-de, razyçylyk beripdir.

Ondan soň Harweý Prinsenton hassahanasyndaky işini gyssagly tamamlapdyr. Ol alymyň beýnisini 240 bölege bölüp, öz ýany bilen Filadelfiýä alyp gidip, ýörite himiki serişde guýlan iki banka salyp, ýerzeminde saklapdyr.

Harweýiň aýaly beýniniň öýde saklanmagyna garşy bolupdyr we adamsyna bankalary içindäki beýni bölekleri bilen bile zir-zibiliň içine taşlajakdygyny aýdyp, haýbat atypdyr.

Ondan soň Harweý Eýnşteýniň beýnisini Kanzasdaky öz işlän laboratoriýasyna äkidipdir. Bankalary karton guta salyp, sowuk ýerde saklapdyr. Boş wagtlary ony ylmy taýdan öwrenmäge çalşypdyr.

Makalalar

1985-nji ýylda Harweý we onuň bilen bile işleşen alymlaryň bir topary alym Eýnşteýniň beýnisi hakynda öz ylmy makalalaryny çap etdiripdirler. Ondan soň başga alymlaryň hem onuň beýnisini ylmy taýdan öwrenmegine mümkinçilik döräpdir.

Olar öz ylmy beýannamasynda Eýnşteýniň beýnisindäki öýjükleriň sanynyň adaty adamyňkydan has köpdügini aýan edipdirler. Olaryň öňe sürmegine görä, Eýnşteýniň beýnisinde matematika we geometriýa ýaly takyk hasaplaýyş işlerini ýerine ýetirýän beýni bölegi adaty adamlaryňkydan has uludyr we ş.m.

Emma şeýle ylmy çykyşlary şübhe astyna alanlar hem bolupdyr. Meselem, Pes uniwersitetinden professor Terens Haýis şeýle diýipdir: "Owaly bilen "adaty adamyňkydan has köpdür" diýilýän ýagdaý jedellidir. Sebäbi Harweý barlag üçin jemi 11 sany beýniniň üstünde derňew geçiripdir. Olar-da, aradan çykanlarynda, hemmesiniň diýen ýaly ýaşy Eýnşteýniňkiden kiçi ekeni. Onsoňam olar ýaňy ölen adamlaryň beýnisi bolupdyr. Eýnşteýniň beýnisi bolsa ençe ýyllap bankada, soňam buzly sowadyjyda saklanypdyr. Galyberse-de, beýniň öýjükleriniň sanalmagy subýektiw we gümürtik bir iş".

Häzire çenli bu tema jedelli bolup galýar. Dogrudanam, beýik alymyň beýnisiniň käbir bölekleri takyk ylmy ýagdaýda aýyl-saýyl edildimikä, ýogsa-da bu diňe orta derejeli bir lukmanyň (Harweý şondan 7 ýyl öň aradan çykypdyr) beýik alymyň adyndan peýdalanyp, abraý gazanmak synanyşygymyka?

2010-njy ýylda mirasdüşerleri Harweýe degişli käbir goş-golamlary, şol sanda hem Eýnşteýniň beýnisiniň galyndylaryny we beýnisiniň bütewi ýagdaýdaky şekillerini ABŞ-nyň sagdynlyk we medisina muzeýine tabşyrypdyrlar.

XS
SM
MD
LG