Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen esgerleri 'Owganystana girdi'


Türkmen serhet gullukçylary
Türkmen serhet gullukçylary

Owganystanyň Farýab welaýatynyň Kaýsar etrabynyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatlarynda mundan üç aý ozal Türkmenistanyň esgerleriniň Owganystanyň giňişligine geçip, owgan topragynda garym gazyp, tor dikip çykandyklaryny aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylardan biri Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda şeýle diýýär: "Men Kaýsaryň ýaşaýjysy we Barakzaý tiresinden bolýaryn. Biz çarwa halk, Türkmenistan bilen serhedimiz bar. Türkmenistanlylar garym gazyp, sim dikip çykdylar. Olardan siz bärde näme edýärsiňiz diýip soraýan ýok. Olaryň gazan garymlarynyň ini dört we çuňlygy 5 metre barabar. Türkmenistan şol ýerde ýol hem gurýar".

Agzalýan ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, ýerli ilat şol ýere öz mal-garalaryny bakmak üçin barýar eken. "Häzir welin, biz şol ýerlerimizden öňkülerimiz ýaly peýdalanyp bilemizok" diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda ýene şeýle gürrüň berýär: "Biz häzir mallarymyzy hiç ýerä äkidip bilemizok, olar aç, biziň bil baglaýan ýerlerimizi hem Türkmenistan elimizden aldy" diýip agzalýan ýaşaýjy mälim etdi.

Ýaşaýjylar nägile

Kaýsar etrabynyň özüni Gulam Rafik diýip tanadan ýene bir ýaşaýjysy bolsa, Owganystanyň hökümetine ýüzlenip, Türkmenistanyň öz ellerinden alan ýerlerini yzyna gaýdyp alyp bermegini soraýar.

"Biziň şol ýerlerde goýunlarymyz bardy, mal-garamyzy ekleýärdik, häzir mallarymyz açlykdan ölýär. Biziň ýolumyzy açsynlar, şol ýerlerimizden peýdalanmaga rugsat etsinler" diýip, Kaýsaryň ýaşaýjysy aýdýar.

Kaýsar etrabynyň häkimi Abdyljelil bu meselede Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna şeýle maglumat berdi: "Kaýsaryň demirgazyk tarapynda Türkmenistan bilen ençeme kilometr araçägimiz bar. Owganystanda dowam eden 30-40 ýyllyk dartgynlylykda olar biziň topragymyza süýşdüler. Edil şu wagt hem türkmenistanlylaryň 5-6 kilometr biziň territoriýamyza girendigi barada gürrüňler bar. Şol ýerde hökümete garşy göreşýän toparlar bolany üçin ýagdaýy anyklap bolanok, şunlukda bu gürrüňleriň näderejede dogrudygyny anyklamak üçin howpsuzlyk güýçlerimiz çäre görmeli".

"Zerur ädimler ädiler"

Häkim bu meselede degişli welaýat ýolbaşçylarynyň maslahaty bilen geljekde zerur ädimleriň ädiljekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

"Biz welaýatyň ýolbaşçylarynyň kömegi bilen şol ýerdäki ýagdaýlary, olaryň biziň territoriýamyza näçe kilometr aralaşandygyny anyklamaga synanyşýarys. Bu meseleler baradaky gürrüňler bu çäreleriň netijesinde anyklanar" diýip, Owganystanyň Farýab welaýatyna degişli Kaýsar etrabynyň häkimi Abdyljelil Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna maglumat berdi.

Bu wakalar Owganystanyň beýleki bir goňşusy Pakistanyň hem Owganystanyň çägine geçip, garym gazyp, sim aýlan wagtyna gabat geldi.

Türkmenistan bilen Owganystanyň serhediniň uzynlygy 744 kiloometre barabar bolup, bu iki ýurduň aragatnaşygy mydama oňaýly diýlip hasaplanyp gelinýär. Türkmenistanyň Owganystandaky konsullygyndan gürrüňi edilýän mesele bilen baglanyşykly hiç hili resmi maglumat alyp bolmady.

XS
SM
MD
LG