Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Meniň jyhadçy oglum"


Siriýada söweşýän gazagystanlylar. Youtube-dan alnan fotosurat
Siriýada söweşýän gazagystanlylar. Youtube-dan alnan fotosurat

"Olaryň gowy ýaşaýyş şertleri we azyk, eşik almak üçin ýeterlik pullary bar. Olar täzeje «Taýotalary» münýärler... Onsoň olar diňe uruş hakynda pikir edýärler."

Bu Muhabetkali Danihanowyň Yrakdaky jyhadçylaryň hatarynda söweşýän gazaklaryň durmuşy baradaky gürrüňinden.

Ol bu zatlary ol ýerdäki ogluny görmäge gidende, öz gözleri bilen görüpdir, ýöne Danihanow oglunyň goşulan jeňçi toparynyň «Yslam döwleti» toparydygyny ýa däldigini aýtmaýar.

Onuň uly ogly Ýeržan 2014-nji ýylyň ýanwaryndan bäri gazak häkimiýetleriniň gözleg sanawynda dur. Emma olar ony Gazagystandan tapyp bilmezler. 28 ýaşyndaky Ýeržan kakasyny soňky gezek görende, öz aýaly we üç çagasy bilen «Yragyň territoriýasynda bir şäherde» ýaşaýardy.

"Men ol ýeriň anyk adyny aýdyp biljek däl. Meniň oňa hakym ýok" diýip, Danihanow golaýda Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosynyň Gazak gullugyna gürrüň berdi.

Danihanow özüniň Gazagystanyň Karagandy welaýatyndan Yraga gidip-gelmesiniň beýle bir kyn bolmandygyny aýtdy.

Maýyň aýagynda başlanyp, iýun aýynyň ortasynda soňlanan syýahat, ýagny Yraga barmak we soň Türkiýäniň üsti bilen yzyna gelmek üçin oňa bary-ýogy iki hepde gowrak wagt gerek boldy.

"Çagalarym meniň bu hakynda gürrüň etmegimi islemez" diýip, Danihanow anygrak gürrüň bermegini soranlarynda aýdýar. "Bu olaryň ulanan ýollaryny aýan eder. Üstesine, beýle gürrüň etsem, onuň özüm üçinem oňaýsyz netijeleri bolar."

Danihanow syýahatdan gelenden soň gazak häkimiýetleriniň özi bilen gürleşendigini, emma Ýeržanyň ýanyna baryp-gelmegiň öňüni alýan resmi päsgelçilikleriň ýokdugyny aýtdy.

"Häkimiýetler diňe meniň ol ýere gitmek üçin saýlan ýolum bilen gyzyklandylar" diýip, ol aýdýar. "Olar maňa, eger-de ähli dokumentlerim düzüw bolsa, daşary ýurt saparyna gitmeklige hiç hili çäklendirmäniň ýokdugyny aýtdylar."

Kömürçiler

Ýeržan Kengirde, Karagandynyň gyrak-çetdäki pukara obasynda önüp-ösdi. Ýerli erkekleriň köpüsi ýaly, Ýeržanam, onuň kakasam kömürçi işçidi.

Ýeržan öýlenip, birnäçe ýyl ozal golaýdaky Satpaýew şäherine göçüpdi. Maşgala agzalarynyň aýtmaklaryna görä, Ýeržanyň aýaly Ýyldyz uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Satpaýewde mugallymçylyk işine alnypdyr.

Ýeržanyň kemala gelen öýi, Kengir obasy.
Ýeržanyň kemala gelen öýi, Kengir obasy.

Danihanow Ýeržanyň 2013-nji ýylyň fewralynda Almaty şäherine gidendigini, iki aý soň bolsa aýalynyň we ýaş çagalarynyň hem onuň ýanyna barandygyny aýdýar.

Biraz soň Ýeržan özüniň Saud Arabystanynda dini bilim almak isleýändigini aýtdy we bu maşgala Gazagystany terk etdi.

Danihanow Ýeržanyň wagtal-wagtal ene-atasyna telefon edendigini gürrüň berýär. Ol öz ýagdaýynyň gowudygyny aýdardy, emma anyk näme iş edýändigini aýtmazdy diýip, kakasy ýatlaýar

"Käte ol Türkiýeden telefon ederdi, biz onuň üçünji çagasynyň dünýä inendigini eşitdik" diýip, Danihanow aýdýar.

Ýeržan gideninden soň kän wagt geçmänkä ýerli hökümetiň we metjidiň resmileri Danihanowa sorag bermäge başladylar.

Olar "Ýeržan Siriýa gitdi, şeýle dälmi?" diýip soraýardylar.

Ýerli häkimiýetler Ýeržanyň we ýene üç kengirli ýigidiň Siriýada hökümet güýçlerine garşy uruşýan yslamçy gozgalaňçylara goşulandygyny güman etdiler.

Şondan kän wagt geçmänkä 150 adamdan – erkeklerden, aýallardan we çagalardan ybarat «gazak maşgalasynyň» Siriýada jihada taýýarlanyşyny görkezýän YouTube wideosy peýda boldy.

Gazak häkimiýetleri 2013-nji ýylyň oktýabrynda internetde ýerleşdirilen klipdäki «jihadçylaryň» köpüsini tanadylar.

Danihanow Ýeržanyň ol wideoda bolmandygyny, emma oglunyň gozgalaňçylara goşulandygyna özüniň şübhelenmeýändigini aýtdy.

Danihanow we beýleki jihadçylaryň ene-atalary gazak häkimiýetlerini öz çaglarynyň yzlaryna dolanyp gelmegine ýardam bermeklige çagyrdylar.

Ol Ýeržanyň başda, Yraga geçmezinden öň, Siriýada söweşendigini aýdýar. Danihanow öz oglunyň Yrakdaky jaýynda başga-da birnäçe gazak söweşijisine duşandygyny gürrüň berýär.

"Men olaryň pullaryny nireden alandygyny bilmeýärin. Men olar üçin keseki adam. Bu olaryň öz içki işi" diýip, Danihanow aýdýar. "Olar kän gürlemeýärler."

Danihanow öz duşan gazak jihadçylarynyň «urşa gatnaşandygyny» aýdýar.
"Olaryň öz emirleri bar. Olar özleriniň halyfat döretmek isleýändiklerini aýdýarlar."

"Ol ýerde bir topar gazagyň wepat bolandygy gizlin bir zat däl, men olaryň suratlaryny gördüm" diýip, ol gürrüňini dowam etdirýär. "Olar ölenleriň jesetleriniň nirede jaýlanandygyny bilmeýärler."

Ogly söweşýän mahaly Danihanow agtyklary we gelni bilen olaryň öýünde oturypdyr.

"Çagalar arapça we gazakça okaýarlar" diýip, ol aýdýar. "Gazaklaryň käbiriniň diplomy bar we olar çagalary öýde okadýarlar."

Danihanow öz oglunyň we beýleki gazak jihadçylarynyň öýlerine dolanmak planlarynyň ýokdugyny aýdýar.

"Belki-de olaryň maşgalalary dolanar" diýip, Danihanow aýdýar. "Olar öz maşgalalaryny islendik wagt yzlaryna ugradyp bilerler. Olaryň ýolunda bir kynçylyk ýok. Şu wagta çenli diňe adamsy öldürilen aýallar yzyna dolanyp geldi."

Danihanow indiki ýyl hem oglunyň ýanyna sapar etmegi planlaşdyrýar we bu gezek iki agtygyny hem ýany bilen alyp gaýtmaga umyt baglaýar.

Gazak gullugynyň habarçysy Asylhan Mamaşulynyň söhbetdeşligi we Gazak gullugynyň beýleki habarlary esasynda taýýarlanyldy.

XS
SM
MD
LG