Sepleriň elýeterliligi

YD Owganystana... hem ýaýraýarmy?


Siriýa, wideo YD-nyň nämälim ýerdäki tälim meýdançasyny görkezýär.

Siriýa, wideo YD-nyň nämälim ýerdäki tälim meýdançasyny görkezýär.

«Yslam döwleti» ekstremist topary Owganystana we Pakistana hem ýaýraýarmy? Regiondaky jeňçileriň käbiriniň bu guramanyň ýolbaşçylaryna kasam kabul etmegi bilen, şeýle mümkinçilik ýokarlanýan ýaly görünýär.

«Yslam döwleti» ekstremist toparynyň Owganystana hem ýaýramak wehimleri arasynda, ol ýerde eýýäm regiondaky käbir jeňçileriň bu topara birleşmäge döwtalapdygyny görkezýän alamatlar görünýär.

Şeýle alamatlaryň biri şu hepde Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna iberilen wideodan görünýär. Onda owgan jeňçileri diýlip güman edilýän üç adamyň «Yslam döwletiniň» gara söweş baýdagynyň astynda, ýüzi perdeli oturandygy görünýär.

Ol üç adamyň sözçüsi puştun diliniň gazni dialektinde gürläp, «Beýik Owganystanyň yslamçy guramasyna» wekilçilik edýändigini aýtdy we özüniň YD we onuň «halyfy» Abu Bakr al-Bagdady üçin söweşmäge taýýardygyny tassyklady.

Ady aýdylmaýan sözçi Owganystandaky, Pakistanyň puştun tire etraplaryndaky, Pakistanyň buluç sebitindäki we Eýrandaky jeňçileriň hemmesini YD-nyň şygary astynda birleşmäge çagyrdy.

Emma muňa garamazdan, ol käte, «Yslam döwletiniň» musulman topraklaryndaky ähli musulmanlary täze halyfatda birleşdirmek maksadyna garanda, öz milletçilikli maksadyna has kän üns berýän ýaly görünýär. Ol gaýta-gaýta Pakistanyň «Penjap döwletine» hüjüm etmäge çagyrýar we owgan «Talybanyny» Yslamabadyň bähbitlerine işlemekde günäleýär hem-de YD toparyny öz ildeşlerini «azat» edip biljek ýeke-täk güýç hökmünde taryp edýär.

Bu wideo bir näbelli adam Owgan gullugynyň Gazni welaýatyndaky habarçysyna telefon edip, özüniň YD toparynyň Owganystandaky wekilidigini aýdanyndan bir hepde soň iberildi. Telefon eden adamyň aýdan zatlaryna goltgy bermek niýeti bilen iberilen hem bolsa, bu wideoda onuň arkasynda duran toparyň agzalarynyň sany ýa-da güýç-kuwwaty barada hiç bir detal getirilmeýär.

Ýagdaý şeýle bolansoň, bu wideodaky toparyň YD-nyň ýolbaşçylary bilen göni aragatnaşygynyň bardygyny ýa ýokdugyny bilmek kyn. Emma YD simwollarynyň ulanylyşyndan we sözçiniň olara edýän hormat-sylagyndan bu toparyň adynyň regionda näderejede ykrar edilendigini we ýaýramak mümkinçiliginiň bardygyny aňlamak bolýar.

Käbir aňtaw gulluklarynyň ynanjyna görä, YD Owganystanda täze agzalary işjeňlik bilen agtarýar.

Owganystandaky rus diplomaty şu hepde özüniň käbir çeşmeleriniň «Yslam döwleti» toparynyň eýýäm ofis açandygyny habar berendigini aýtdy, emma munuň nirededigini aýtmady.

"Biz ýüz çemesi (YD) agzasynyň bärik geçendigini bilýäris" diýip, Orsýetiň prezidenti Wladimr Putiniň Owganystandaky ýörite wekili Zamir Kabulow 23-nji sentýabrda Interfaksa aýtdy.

"Meniň düşünişimiçe, [YD] «Talybany» ýa-da hatda «Al-Kaýdany» konserwatiw we biraz könelişen model hasaplaýar" diýip, Kabulow aýtdy. "Olar özlerini täze, has dyzmaç, has agressiw, has kämilleşen ideologiýa hökmünde görkezýärler."

Eger-de YD ýüzüni gündogara öwürse, ol häzir bu regionda agdyklyk edýän jeňçi hereketi hökmünde «Talyban» bilen bäsleşige girjege meňzeýär. Bu bäsleşik hem ilkinji gezek söweşe goşulýanlar, hem-de otdan-suwdan geçen tejribeli soweşijiler üstünde bolup biler.

Owganystanda «Talybanyň» tarapynda söweşýän «Hizb-i-Yslamy» toparynyň komandiri geçen hepde BBS-ä öz baştutanlarynyň YD-a kasam kabul etjegine ynanýandygyny aýtdy. Emma bu ýerde Mirwais atlandyrylan komandiriň diňe öz adyndan gürleýändigi ýa-da başgalaryň hem adyndan gepleýändigi belli bolmady.

«Roýters» habar gullugy geçen hepde Pakistanyň «Talyban» hereketinden bölünen pitneçi topar «Jamat-ul Ahraryň» hem YD-a goşulmak çakylygyny kabul etmäge taýýardygyny habar berdi.

"YD [Yslam döwleti] yslam sistemasyny durmuşa geçirmek we halyfat döretmek üçin işleýän yslamçy jyhad guramasy" diýip, Ehsanullah Ehsan, «Jamat-ul Ahraryň» lideri we «Talybanyň» tanymal şahsyýeti 7-nji sentýabrda «Roýtere» aýtdy. "Biz olary sylaýarys. Eger olar kömek sorasalar, biz oňa serederis we karara geleris."

Şu aralykda käbir toparlaryň eýýäm Pakistandaky bosgun lagerlerinde YD üçin nöker toplamaga çalyşýandygyny görkezýän alamatlar hem peýda boldy.

«Yslam döwleti» toparynyň gara baýdagy bilen bezelip, puştun we dari dillerinde çap edilen 12 sahypalyk buklet şu aýyň başynda Peşewaryň, Haýber-Paktunkwa welaýatynyň paýtagtynyň golaýyndaky lagerlerde ýaýradyldy. Bu lagerlerde Owganystandan we Pakistanyň ynjalyksyz tire sebitlerinden gelen bosgunlar ýaşaýar.

«Roýter» habar gullugy Peşewaryň ymamy Sameýeulah Hanifä salgylanyp, bu pamfletleriň “Yslam halyfaty» atlandyrylýan ýerli, o diýen diýen tanalmaýan bir topar tarapyndan ýaýradylandygyny, olaryň YD-nyň açyk goldawçysydygyny aýtdy.

Günorta-günbataryň we Merkezi Aziýanyň içine süýşmek bilen, YD regionyň häzirki wagtda Siriýadaky we Yrakdaky topar bilen bile söweşýän köp sanly nökeriniň öýüne ýakynlaşar.

Eýran golaýda Siriýadaky we Yrakdaky YD-a goşulmaga synanyşan owgan we pakistan raýatlaryny tussag edendigini aýtdy. BBC içeri işler ministri Abdolreza Rahmana salgylanyp, 8-nji sentýabrda ol adamlaryň Eýranyň üstünden geçmäge synanyşandygyny aýtdy, emma olaryň näçe adamdygyny we nireden geçmekçi bolandygyny aýtmady.

Şunuň ýaly, özbegistanly, gyrgyzystanly we täjigistanly onlarça jeňçiniň, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy uruşýan ekstremist toparlara goşulmak üçin, Türkiýäniň üstünden Siriýa geçendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG