Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan "aýratyn alada döredýän ýurt"


Doga edip duran bir adamyň eli

Doga edip duran bir adamyň eli

Şu günler Warşawada ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça ýyllyk maslahaty geçirilýär. 1-nji oktýabrda bu maslahatyň gün tertibinde Din azatlygyna degişli meselelere seredildi. Türkmenistandaky ýagdaýa hem üns berildi.

Warşawada gozgalan meseleler barada Azatlyk Radiosyna ABŞ-nyň Dini azatlyklar boýunça komissiýasynyň ýokary derejeli syýasy analitigi Katy Kosman gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adamçylyk ölçegleri baradaky ýygnagynda şu gün dini azatlyklar barada gürrüň edilen bolmaly. Bolup geçen çäre hakda dolurak maglumat beräýseňiz?

Katy Kosman: Irden geçirilen ýygnakda dini we ynanç azatlygy bilen bagly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň jogapkärçilikleri diýen temadan gürrüň edildi. Ýygnakda aýratyn alada döredýän ýurt hökmünde ABŞ-nyň delegasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň ady hem resmi suratda agzaldy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ençeme adam, şol sanda Iýegowa şaýatlaryndan alty sanysy tussaglykda saklanýar. Olar dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrany üçin tussag edilipdirler.

Elbetde, Türkmenistandan maglumat almak gaty kyn, şonuň üçin ýurtda dini ynançlary ýa-da dine ynanmaýanlygy sebäpli başga-da tussag edilen adamlaryň bolup biljekdigini çaklamaga esas bar.

Azatlyk Radiosy: Siziň guramaňyzyň tagallasy bilen Türkmenistan Döwlet departamenti tarapyndan ýaýradylýan ýyllyk hasabatda dini azatlyklary çäklendirýän ýurtlaryň arasynda aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna goşulypdy. Şu günki ýygnakda hem bu ýagdaýa ünsiň çekilendigini aýtdyňyz. Bu hakda birneme dolurak maglumat beräýseňiz? Kim näme diýidi bu meselede?

Katy Kosman: Bu tema ABŞ-nyň resmi delegasiýasy tarapyndan öňe sürüldi. Agzalýan delegasiýanyň wekili şu ýyl prezident Obamanyň agzaçarda dini azatlygyň ähmiýeti barada aýdan sözlerine salgylandy. Ondan soňra ol dini azatlyklar boýunça aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hasaba alnyşy barada durup geçdi.

Ozalky Sowet Soýuzynyň çägindäki ýurtlaryň hatarynda şu ýyl Türkmenistan ilkinji gezek bu sanawa girizildi, Özbegistanyň ady bu sanawda 2006-njy ýyldan bäri bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň adynyň agzalyşy, oňa berlen baha sizi näderejede kanagatlandyrdy? Esasanam, mundan ozalky geçirilen şeýle ýygnaklar bilen deňeşdirip, baha beräýseňiz?

Katy Kosman: Türkmenistany göz öňünde tutup aýdanymyzda, bu ýyl bu ýagdaýa has aç-açan üns çekildi. Sebäbi Türkmenistanyň adynyň Döwlet departamentiniň dini azatlyklar boýunça ýaýradylýan raportynda aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna girizilmegi Türkmenistandaky ýagdaýlaryň ähmiýetini artdyrdy.

Biziň guramamyz, ýagny ABŞ-nyň dini azatlyklar boýunça halkara kommissiýasy Türkmenistanyň adynyň şol sanawa girizilmegi barada uzak wagtdan bäri alada edip gelýärdi.

Azatlyk Radiosy: Ýygnaga Türkmenistandan gatnaşan boldumy?

Katy Kosman: Türkmenistan indi ençeme ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan geçirilýän bu çärä öz delegasiýasyny ibermekden boýun gaçyryp gelýär. ”Adamçylyk ölçegleri” baradaky bu ýygnak agzalýan guramanyň adam hukuklary boýunça geçirýän ýyllyk duşuşyklarynyň iň esasylaryndan biridir.

Bu ýylam Türkmenistandan bu ýygnaga gelen bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG