Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenistanyň tankyt edilmegine sebäp köp"


Türkmenistandan çykmak "gadagan" edilen möhür

Türkmenistandan çykmak "gadagan" edilen möhür

Şu günler Warşawada ÝHHG-niň "Adam ölçegleri" boýunça ýyllyk maslahaty geçirilýär. 1-nji oktýabr agşamy geçirilen sessiýasynyň gün tertibinde ýurduň içinde hereket azatlygyna degişli meselelere seredildi. Onda Türkmenistandaky ýagdaýlara hem üns berildi.

Warşawada gozgalan meseleler barada Azatlyk Radiosyna ABŞ-nyň Dini azatlyklar boýunça komissiýasynyň ýokary derejeli syýasy analitigi Katy Kosman gürrüň berdi. Söhbetdeşligi Muhammad Tahir geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “Adamçylyk ölçegleri” boýunça Warşawada dowam edýän ýygnagynda düýn giçlik hereket azatlygy barada gürrüň edildi. Bu ýygnaga gatnaşanlardan biri hökmünde bu barada bize has giňişleýin maglumat beräýseňiz?

Katy Kosman: Hawa, ýygnagyň çäginde ýurduň içinde hereket azatlygy meselesi hakda gürrüň edildi. Türkmenistandaky ýagdaýlar hem, elbetde, gün tertibine salnan temalardan biri boldy. Türkmenistandaky ýagdaýlar ABŞ-nyň delegasiýasy tarapyndan iki nukdaýnazardan gozgaldy.

Ilkinjisi, goşa raýatlylyk, ýagny iki raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň olardan birini saýlamaklygy boýunça berlen möhletiň uzaldylandygy bellenilip, oňa oňyn baha berildi. Bu barada doly maglumat ýok, emma bu pozitiw bir ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň inkär etmegine garamazdan, ýurtdan çykyş wizasy baradaky düzgün belli bir görnüşde henizem dowam edýär. Meselem Farit Tuhbatuliniň agasyna ýurtdan çykmaga rugsat edilmedi.

Azatlyk Radiosy: Hereket azatlygy baradaky meselede, Türkmenistany göz öňünde tutup aýtsak, takyk nähili çykyşlar edildi, kim näme diýdi, anyk nähili meseleler gozgaldy?

Katy Kosman: Häzirki aýdanlarymyň ählisi ABŞ-nyň delegasiýasy tarapyndan düýnki sessiýa bilen ilteşikli ýazmaça ýaýradylan beýanatdan alnan sitatalar, Tuhbatuliniň agasy baradaky waka hem ABŞ-nyň delegasiýasy tarapyndan agzaldy.

Azatlyk Radiosy: Göräýmäge, ABŞ soňky döwürlerde, Türkmenistan barada aýdylanda, aktiw çykyş edip başlana meňzeýär, sebäbi sizden ozal şu ýygnaga gatnaşýanlardan käbirleri bilen söhbetdeş bolanymda, olar hem, umuman aýdylanda, ABŞ-nyň delegasiýasynyň aýdanlaryna salgylandylar, sizem şeýle pikirdemi?

Katy Kosman: Ýok, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň ady, geçen ýyllar bilen deňeşdirlende bu ýyl has köpräk agzalýar. ABŞ şeýle ýygnaklarda dürli problemalara ünsi çekmek bilen bu ýurt meselesinde mydama aktiw rol oýnaýar.

Bu, elbetde, Türkmenistanyň adynyň mundan ozalky ýygnaklarda az agzalmagyna sebäp bolaýjak ýagdaýyň bardygyny aňlatmaýar. Sebäbi, gynansak-da, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, bir salym ýagdaý gowlaşan ýaly bolsa-da, ol möhletiň dowamlylygy örän gysga boldy.

Onsoň edil häzirki döwürde şeýle ýygnaklarda Türkmenistanyň adynyň agzalmagyna we ýurtdaky ýagdaýlaryň tankyt edilmegine sebäp diýseň köp. Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistan ýapyk ýurt bolany üçin, ýurduň içinden çykýan maglumat gaty az, belki bu ýurduň adynyň ýeterlik derejede agzalmazlygynyň bir sebäbi hem şu bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Gara sanaw hakda hem gürrüň eden boldumy?

Katy Kosman: Men diňe ABŞ-nyň delegasiýasynyň aýdanlaryna salgylanyp gürrüň berýärin, bu meselä hem olar gytaklaýyn degip geçdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan tarapyndan bu ýygnaga gatnaşan bolmady dälmi?

Katy Kosman: Ýok, Türkmenistan tarapyndan ýygnaga gatnaşan ýokdy, olar munuň ýaly ýygnaklara hiç haçan hem gatnaşmaýarlar. Bu indi ençeme ýyldan bäri şeýle.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza, bu guramanyň öz agzalaryndan biriniň geçirilýän ýygnaklara yzygiderli gatnaşmazlygy barada nähili düzgünleri bar?

Katy Kosman: Meniň pikirimçe, agzalar üçin Guramanyň Hemişelik geňeşiniň ýygnagyna gatnaşmagy esasy şertmika diýýärin. Emma, dogrymy aýtsam, bu barada meniň takyk maglumatym ýok, belki, guramanyň wekillerinden sorasaňyz, bu barada has takygrak maglumat alyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG