Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Belarus: Pilotsyz uçarlar maslahat edilýär


Pilotsyz uçar, Minsk

Pilotsyz uçar, Minsk

Minskde 8-nji oktýabrda bolan gepleşiklerde Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlaryny kesgitlediler. Hususan-da, prezident Berdimuhamedow Belarusda öndürilýän ulag we tehniki serişdeleri has köp satyn almak planlaryny yglan etdi, prezident Lukaşenko “pilotsyz uçar komplekslerini” satmak barada Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda gepleşikleriň gidýändigini mälim etdi. Azatlyk Radiosy Belarusda öndürilýän pilotsyz uçar kompleksleriniň nämedigi bilen gyzyklanyp, minskli harby bilermen Alýaksandr Alesin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Pilotsyz awiasiýa kompleksleri näme?

Alýaksandr Alesin: Pilotsyz awiasion kompleksler, bu distansion, ýagny uzakdan dolandyrylýan, ýa-da ýörite programma boýunça uçýan apparatlardyr. Olaryň ulanylyş maksatlary içinde oturdylan apparatura bagly bolýar. Eger şeýle uçarlara radiolokasion aňtaw enjamlary, optiki aňtaw enjamlary we ýörite şöhleli aňtaw serişdeleri oturdylsa, bu uçar potensial duşmanyň bölümleriniň we tehnikasynyň ýerleşýän ýerlerini anyklamak we bu maglumaty ştaba ýetirmek hem-de artilleriýa-top oduny korrektirlemek üçin ulanylyp bilinýär.

Sürüjisiz uçarlara ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna, ýangyna garşy howpsuzlyga gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar oturdylsa, ony hojalyk maksatlary üçin hem ulanyp bolýar. Pilotsyz uçarlary döwlet serhetlerine gözegçilik etmek üçin hem ulanyp bolýar. Şeýlelikde pilotsyz uçarlary içinde oturdylan enjamlara görä, dürli ugurlarda ulanyp bolýar.

Belarusda şeýle uçarlaryň korpuslary, ganatlary ýaly detallary birnäçe zawodda öndürilýär, emma [bu uçaryň] örän inçe we tehniki taýdan ýokary çylşyrymlylyga eýe bolan apparaturasy, esasan, daşary ýurtlardan satyn alynýar. Sebäbi şeýle enjamlary biz häzirlikçe öndürip bilmeýäris.

Azatlyk Radiosy: Belarus öz pilotsyz uçarlaryny kime satýar we olara harby tehnikanyň halkara bazarynda talap nähili?

Alýaksandr Alesin: Men Kubanyň, Wetnamyň, Gazagystanyň gyzyklanma bildirendigini bilýärin. Şeýle-de ýarag öndüriji dünýä liderleri ABŞ, Orsýet, Ysraýyl we Fransiýa ýaly ýurtlar bilen syýasy sebäplere görä, iş salyşmak islemeýän ýurtlaryň ençemesi Belarusyň önümlerine gyzyklanma bildirýär. Sebäbi ýarag söwdasy käbir syýasy borçnamalary hem göz öňünde tutýar. Önümleriň bahasy hem rol oýnaýar. Arap döwletleriniň ençemesi Katar, Birleşen Arap Emirlikleri we Saud Arabystany hem ýaraglaryň dürli görnüşleri boýunça Belarus bilen işleşmäge ýykgyn edýärler.

Azatlyk Radiosy: Belarus metbugatynyň ýazmagyna görä, Minskde geçirilen türkmen-belarus gepleşiklerinde Alýaksandr Lukaşenko Belarusyň pilotsyz uçarlaryny diňe bir satman, olaryň “geljekde Türkmenistanda bilelikde öndürilmegini guramaga” hem taýýardygyny aýtdy. Bu agzalýan iki ýurt üçin näderejede bähbitli bolup biler?

Alýaksandr Alesin: Bu Belarus üçin bähbitli bolar, sebäbi köp mümkinçilikli täze bir bazara gadam basmaga ýol açýar. Türkmenistan üçin, harby maksatly önümleri daşardan satyn alman, özünde has köp öndürmek ykdysadyýetiň tehniki derejesini ýokarlandyrmak üçin bähbitli bolup biler. Belarus özünde öndürilýän iri detallary Türkmenistana eltip, taýýar önümi şol ýerde ýygnamagy ýola goýup bilse, Türkmenistan Günbatar ýurtlarynda öndürilýän ýörite gurallary, öndüriji ýurtlardan göni satyn alyp, hem transport, hem senagat taýdan çykdajylarynyň möçberini azaldyp bilerdi. Üstesine, önümçilikden gelýän salgytlar ýurduň ykdysadyýetine siňerdi we milli hünärmenleriň taýýarlanmagyna mümkinçilik döräp, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde täze bir pudak emele gelerdi.

Azatlyk Radiosy: Belarusda öndürilýän pilotsyz uçarlaryň bahasy näçe?

Alýaksandr Alesin: Bahasy dolandyryjy kompleksiniň düzümine bagly, Günbatardan satyn alynýan apparaturanyň näçe inçe we çylşyrymly boldugyça, uçaryň bahasy hem ýokary galýar. Umuman aýdylanda, bahalar onlarça müňden başlap, ýüzlerçe müň dollara çenli ýetýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG