Sepleriň elýeterliligi

'YD yslam kadalaryny bozýar'


Pakistanyň öňdebaryjy ruhanylary YD toparyny ýazgaryp çykyş etdiler. Pakistanyň Ulema geňeşi Yrakda we Siriýada uly territoriýany eýelän YD guramasy yslamyň kadalaryny bozýar diýdi.

«Yslam we musulmanlar YD-nyň eli bilen bigünä adamlaryň öldürilmegini, olaryň emläginiň tozdurylmagyny goldap bilmez» diýip, olaryň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Pakistanyň Ulema geňeşi adamlary we yslam ýurtlaryndaky ýaşlary Yslama we onuň pygamberi Muhammediň nesihatlaryna eýermeýän islendik zorluk toparyndan çeke durmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG