Sepleriň elýeterliligi

Ukrainalylar täze parlament saýlaýar


Ukrainalylar ýurdy ýewropa ýol-ýodasyna atarjak parlament saýlamak üçin ses berýärler, prezident Petro Poroşenko bu çäräni "taryhy waka" atlandyrdy.

Poroşenko saýlaw gününiň öňüsyrasynda halka ýüzlenip, bu saýlawyň moskwaçy prezident Wiktor Ýanukowiç fewral aýynda halk köpçüliginiň protestleri sebäpli wezipesinden gyrakladylandan soň, «häkimiýet geçişini» jemlejekdigini aýtdy.

Poroşenko saýlawçylary «özgerdiji, korrumpirlenmedik, ukrainaçy we ýewropaçy, sowetçi däl parlamenti» saýlamaga çagyrdy.

36.5 million çemesi saýlawçy hasaba alyndy, emma 4 milliondan gowrak saýlawçy gündogar Ukrainada, orsýetçi separatistleriň kontrollugyndaky Donetsk we Luhansk regionlarynda, saýlawlaryň pitneçiler tarapynda gadagan edilen ýerlerinde ýaşaýar.

Saýlaw resmileri bu iki regiondaky 32 etrap saýlaw komissiýasyndan 15-isiniň işlemejekdigini aýdýarlar.

Netijede parlamentdäki 450 ornuň 27-si boş galdyrylar.

Prezident Gündogar Ukrainada

Şu aralykda prezident Petro Poroşenko gündogar Ukrainadaky Donbas regionyna garaşylmadyk sawlaw saparyna bardy.

"Men Donbasa geldim» diýip, Poroşenko özüniň resmi twitter hasabynda ýazdy. Ol Kramatorsk şäherinde, soňky ýedi aýda ukrain güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň üstünde söweşen häzir hökümet kontrollugynda ýerleşýän ýerinde adamlar bilen duşuşyp duran suratyny hem çap etdi.

Onuň aýaly Marina Poroşenko prezidentiň ol ýere saýlawlaryň barşyny görmäge barandygyny aýtdy.

Prezidentiň edarasy Poroşenkonyň ses bermek üçin paýtagta geljegini aýtdy.

Çaklamalar

Pikir soraýyşlar prezident Petro Poroşenkonyň blogynyň Ukrainada iň meşhur topardygyny görkezýär we olar bir palataly parlamentde kop orun alar öýdülýär.

Premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň we beýleki hökümet resmileriniň täze partiýasy bolan «Halk fronty» hem, käbir milletçi partiýalar, şol sanda aşa milletçi Oleh Liaşko tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Radikal partiýa» bilen bir hatarda, parlamente girer öýdülýär.

Ol 24-nji oktýabrda öz partiýasynyň «parlamente radikal özgerişleri amala aşyrmak, ýagdaýy büs-bütin üýtgetmek üçin barýandygyny» aýtdy.

Ukraina Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolaly bäri ilkinji gezek Kommunistik partiýanyň parlamente girmegine garaşylmaýar.

Parlamentde mundan 10 aý ozal hem agdyklyk eden partiýa, orsýetçi Regionlar partiýasy hem täze parlamente girer öýdülmeýär.

Regionlar partiýasynyň goldawçylarynyň köpüsiniň täze Oppozisiýa birleşigine ses bermeklerine garaşylýar, sebäbi Ýanukowiçiň ozalky partiýasyndan çykanlaryň köpüsi şol bloga goşuldy.

Pikir soraýyşlara görä, ukrainalylaryň köpüsi ykdysady we demokratik reformalary, hususan-da korrupsiýanyň soňuna çykylmagyny we ahyrynda Ýewropa Bileleşigine agzalyga tarap ýol açylmagyny goldaýarlar.

Konflikt saýlawlara kölege salýar

Emma gündogar Ukrainadaky konflikt bu saýlawlara kölege saldy.

Sentýabrda baglaşylan ýaraşyk köp söweşi soňlady, emma ýaraşyk şertleriniň bozulmagy birnäçe ýerde gündelik diýen ýaly dowam edýär we hökümet güýçleriniň, pitneçileriň we asuda ilatyň arasynda adam pidalaryna sebäp bolýar.

Ukrainanyň harby sözçüsi, ýaraşyga garamazdan, söweşlerde 24-nji oktýabrdan bäri 10 esgeriň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu konflikt netijesinde 3,700-den gowrak adam öldi, ýüz müňlerçe adam bolsa ýaşaýan ýerlerinden gaçmaly boldy.

Ol adamlaryň köpüsi indi Ukrainanyň başga ýerlerinde ýaşaýar we täze baran ýerlerinde saýlaw üçin hasaba alynmady.

Donetsk we Luhansk regionlaryndaky pitneçileriň ýolbaşçylary özleriniň «halk respublikalarynda» 2-nji noýabrda saýlaw geçirip, aýratynlykdaky parlamentleri saýlamakçydyklaryny aýtdylar.

Kiýew, Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar ol saýlawlaryň bikanun boljagyny we ykrar edilmejegini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG