Sepleriň elýeterliligi

Paýtagt Aşgabadyň gyrak-çetinde ýerleşýän Çoganly daçalarynyň ýollary ep-esli wagtlap ýapylyp, köprüleri beklenensoň, ýakynda obanyň gabawy ýatyryldy we, göräýmäge, Çoganly gaýtadan kadaly durmuşa dolandy.

Bu ýerde “göräýmäge” diýmegimiňziň bir sebäbi bar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Çoganlynyň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, obada durmuş kadaly ýaly bolup görünse-de, Aşgabatda ýaşamak üçin rugsady bolmadyk adamlar täze kellagyry bilen ýüzbe-ýüz boldular.

"Çykalga"

Daşoguzdan Aşgabada işlemäge gelip, Çoganlyda ýaşaýanlaryň biri, bu ýagdaýy Azatlyk Radiosyna şeýle suratlandyrýar: “Bir sagat, iki sagat saklaýarlar, puluny alýarlar-da, ýene goýberýärler. Ikinji, bäşinji güne gabat gelse, ýene tutýarlar, ýene şeýdýärler, pul berip çykyp gaýdýan, başga näme etjek?”

Ýaşaýjylarynyň aglabasy beýleki welaýatlardan gelen zähmet immigrantlardan ybarat Çoganlyda Aşgabadyň ýazgysy bolmadyk raýatlar diýseň köp, hatda obanyň ilatynyň köpüsi şolardan ybarat diýseňem boljak.

Täze dörän problema bolsa, ynha, şeýle ýagdaýdaky ýaşaýjylaryň kanuny statusy bilen bagly. Özüni Berdi diýip tanadan 35 ýaşlaryndaky raýatyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyndan çen tutulsa, problema diňe paýtagtda ýazgysy bolmadyk ýaşaýjylar bilen çäklenmeýär.

“Men Çoganlydaky daçalarymda 7 sany kwartirant saklaýaryn, kwartirantlarymda Aşgabadyň propiskasy bolmandygy üçin howpsuzlyk güýçleri aram-aram barlag geçirýärler. Eger barlag adaty bolsa, adam başyna 40-50 manat berip, sypyp bolýar” diýip, Berdi bu yzygiderli dowam edýän eden-etdilik barasynda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Duýduryş

Berdiniň barlagdan “sypyp bolýar” diýmegi, howpsuzlyk güýçleriniň sähelçe para alyp, Aşgabatda ýaşaýyş rugsatnamasy bolmadyk adamlaryň ýagdaýyna göz ýumýandygyny aňladýar. Jaý eýesiniň howpsuzlyk güýçlerine para berip özüni halas etmegi bolsa, mundan birnäçe aý öň berlen duýduryş bilen bagly.

Şol duyduryşda Aşgabatda ýazgysy bolmadyk adamlara ýaşamak üçin jaý berenleriň we işlemek üçin iş berenleriň hem jezalandyryljakdygy resmi bildirişler arkaly mälim edilipdi. Bu duyduryşlar Çoganlynyň köçelerinde asylyp, halk arasynda hem ýazmaça görnüşde ýaýradylypdy.

Şol duyduryş bilen bilelikde Çoganla barýan uly köçeleriň ählisi beklenip, paýtagtda oturymlydygy hakyndaky ýazgysy bolmadyk adamlar tutulyp, tutulanlar gelen welaýatlaryna ugradylýardy. Edil häzirki döwürde köçeler gaýtadan açylan hem bolsa, howpsuzlyk güýçleri üçin bu ýagdaý para gazanmaga täze bir mümkinçilik döredipdir.

Hökümet zähmet immigrantlarynyň Aşgabatda bikanun ýaşaýandygyny aýtsa, beýleki welaýatlardan gelip Çoganlyda ýerleşen zähmet migrantlary bolsa, öz welaýatlarynda iş bolmansoň, Aşgabada gelmäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Olaryň aýtmagyna görä, beýleki welaýatlardan gelip, Aşgabatda hasaba durmak edil häzirki wagtda mümkin bolmadyk derejede çylşyrymly. Paýtagtda propiska, ýagny ýazgy almagyň ilkinji şerti - Aşgabatda ýaşaýyş jaýyň bolmagy, ol bolsa işlemäge gelen adam üçin başardýan ýagdaý däl.

Hatda beýleki welaýatlardan Aşgabadyň ýaşaýjysyna durmuşa çykan gyzlaryň hem Aşgabadyň ýazgysyny alyp bilmän kösenýändikleri aýdylýar. Sebäbi Aşgabatda ýazga durmak üçin täze çatynjalar bäş ýyl bile maşgala bolup ýaşan bolmaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG