Sepleriň elýeterliligi

Dollar gytalýar, 'gara bazar' möwjeýär


Dollar “gara bazarynda” dollaryň bahasy – soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek – resmi kursdan göz-görtele ýokary galdy.

Dollar “gara bazarynda” dollaryň bahasy – soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek – resmi kursdan göz-görtele ýokary galdy.

Paýtagtda dollar gytçylygy dowam edýär. Bu gytçylyk paýtagtdaky döwlet we kommersiýa banklarynyň walýuta alyş-çalyş punktlarynda uly nobatlary döretdi. Alyş-çalyş punktlarynyň öňündäki nobatlar indi adaty bir ýagdaýa öwrülip barýar.

Her gün diýen ýaly ir bilen adamlar dollar satyn almak üçin ençeme sagada çekýän nobatlara durup başlaýarlar. Alyş-çalyş punktlarynyň öňünde kä günler nobata duran 60-70 adamy, kä günler bolsa 30-40 adamy görmek bolýar.

Soňky wagtlar bolsa toparlaýyn nobata durmak diýen bir ýagdaý hem ýüze çykdy. Ýagny, bir adam birnäçe adam üçin nobata durýar. Bu ýagdaý nobatda duran adamlaryň arasynda dawa-jenjeli hem döredýär. Polisiýa işgärleriniň bu hili nobat dawalaryna goşulmaly bolýan halatlary hem seýrek däl.

Diňe nobata duranyň bilen dollar satyn alyp biljekdigiň hem näbelli. Alyş-çalyş punktlarynda dollaryň gutarmagy hem adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Şol sebäpden alyş-çalyş punktlarynyň käbirlerinde nobatlar bar, käbirlerinde bolsa ýok.

Mundan başga-da döwlete degişli we kommersiýa banklarynda adam başyna berilýän walýutanyň möçberi hem peseldildi. Geçen hepde hem adam başyna bir müň dollar berlen bolan bolsa, indi 500 dollardan köp berilmeýändigi aýdylýar. Käbir alyş-çalyş punktlarynda bolsa 200-300 dollaryň berilýändigi aýdylýar.

"Gara bazar"

Şol bir wagtda hem paýtagtyň dollar “gara bazarynda” dollaryň bahasy hem – soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek – resmi kursdan göz-görtele ýokary galdy. ABŞ-nyň dollarynyň resmi kurs boýunça satylyş nyrhy 2 manat 86 teňňe bolsa, “gara bazarda” dollary 2 manat 94 teňňeden satyn alyp bolýar. Käbir ýerlerde bolsa “dollarçylar” bir dollary 3 manatdan hem satýarlar.

Mysal üçin, paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky “Paýtagt” söwda merkezinde 2 manat 94 teňňe we 3 manatdan dollary satýan ”dollarçylar” bar. “Dollarçylar” müşderilerinden dollary satyn alanlarynda hem resmi kursdan 2-3 teňňe gymmat satyn alýarlar.

Şol bir wagtda hem döwlete degişli we kommersiýa banklarynda dollaryň resmi kursy öňküligine galýar. Häzire çenli “gara bazarda” dollaryň kursy resmi kursdan o diýen tapawut hem edip durmaýardy.

Ýaňky aýdyşymyz ýaly, “gara bazarda” dollaryň bahasynyň ýokary galmagy bäş ýylyň içinde ilkinji gezek bolup geçýär. Ýatlap geçsek, 2009-njy ýyldan öň ýurtda dollaryň iki kursy ýöräpdi. Şol wagt resmi kurs boýunça banklarda dollar satylmansoň, dollar, esasan, “gara bazardan” satyn alynýardy. Şol wagt dollaryň gara bazardaky bahasy onuň resmi hümmetinden dört esse ýokarydy.

Paýtagtda ABŞ-nyň dollarynyň satuwy bilen bagly emele gelen ýagdaýyň sebäpleri barada habar serişdelerinde hiç hili resmi düşündiriş berlenok. Bank işgärlerinden hem häzirki emele gelen ýagdaý barada hiç hili maglumat almak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG