Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Diwaryň ýykylmagyny belleýär


Germaniýa Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan üç günlük baýrama başlady.

15 km uzaýan diwaryň boýunda, daňyň ýagtysynda 7 müňe golaý ak şar ýere berkidildi.

«Üýtgedip gurmak» we «aç-açanlyk» syýasatlary bilen üýtgeşiklige ýol arçalmagyna kömek eden sowet lideri Mihail Gorbaçew Berliniň ozalky Çarli serhet geçelgesinde üýşen mähellä gutlag sözleri bilen ýüzlendi.

Gorbaçew Ukraina üstündäki Gündogar-Günbatar dargtynlyklarynyň fonunda çykyş edip, şeýle diýdi: "Bu ýerde bir köne, synagdan geçen tejribe bar: haçanda Orsýet bilen Germaniýa dost bolsa, Ýewropa parahat, eger olar gowy bolsa, dünýä abadan».

Baýramçylyk dabaralary 9-njy noýabrda Berlinde geçiriljek ägirt uly festiwaly hem içine alar.

XS
SM
MD
LG