Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Ablýazowyň ýarany gözlenýär


Häzirki wagt Fransiýada tussaglykda saklanylýan gazak tütjary Muhtar Ablýazowyň ýarany diýlip aýdylýan rus raýaty Gazagystanda “etniki ýigrenji möwjetmekde” güman edilip, gözlenýär.

Gazagystanyň Baş prokuratura edarasynyň resmileri 18-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Aleksandr Below ady bilen hem tanalýan Aleksandr Potkine garşy derňewleriň başlandygyny mälim etdiler. Rus raýaty Potkin Russiýada Bikanun migrasiýa garşy anti-migrant hereketiniň öňki lideridi.

Geçen aý Potkin Moskwada tussag edilip, düýbi Almatyda ýerleşýän “BTA” bankyndan ogurlanan hapa pullary ýuwmaga kömek etmekde aýyplanypdy.

“BTA” bankynyň öňki başlygy Ablýazow takmynan 5 milliard amerikan dollaryny ogurlamakda güman edilip, Gazagystan, Russiýa we Ukraina tarapyndan gözlenýär.

XS
SM
MD
LG