Sepleriň elýeterliligi

Kenýa: Söweşijiler 36 işçini öldürdi


Kenýada 36 işçiniň ölmegine sebäp bolan hüjümiň jogapkärçiligini “Al-Şabab” atly yslamçy toparyň söweşijileri öz üstüne aldy.

Düýbi Somalide ýerleşýän söweşiji topar 2-nji dekabrdaky hüjümde pida bolanlaryň musulman däldigini we olaryň azyndan iki sanysynyň kellesiniň kesilendigini aýtdy.

Wakanyň bolan ýerindäki oba ýaşulysynyň berýän maglumatyna görä, ýaragly adamlar dag kömür käniniň golaýyndaky çadyrlarda uklap ýatan işçilere hüjüm edipdirler.

Gürrüňi gidýän hüjüm geçen hepde söweşijileriň bir awtobusy alyp gaçyp, içindäki 28 ýolagçyny öldüren sebitinde boldy.

XS
SM
MD
LG