Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Owganystana kömek reformalara bagly


ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili D.Feldman (s) we Pakistanyň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşçisi S.Aziz (ç).

ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili D.Feldman (s) we Pakistanyň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşçisi S.Aziz (ç).

ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Owganystana halkara kömeginiň dowam etdirilmeginiň ýurtda korrupsiýa garşy we adam hukuklarynyň depelenmegine garşy göreşdäki öňegidişlige bagly boljagyny aýdýar.

ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili Daniel Feldman maliýe kömegini beriji donorlaryň Londonda geçirilýän konferensiýasynyň öňüsyrasynda, 2-nji dekabrda, Brýusselde eden çykyşynda täze owgan hökümeti “fundamental reformalary geçirmek borjuny” öz üstüne alýan hem bolsa, entek kän işiň edilmelidigini aýtdy.

Donorlaryň talaplary

Feldman telefon arkaly AÝ/AR-nyň sowallaryna jogap berip, donorlaryň Owganystanyň täze ýolbaşçylygynyň ýurtda korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmek we adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmak boýunça öz strategiýasyny kesgitlemegini isleýändigini belledi: “Biziň goldawymyzyň bir bölegi reformalaryň ençemesine, şol sanda korrupsiýa garşy reformalar boýunça öňegidişligiň gazanylmagyna itergi berýan mehanimzler arkaly dowam etdiriler”.

Owganystanyň täze prezidenti Aşraf Gani we ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýolbaşçysy Abdylla Abdylla Owganystana maliýe kömegini berýän donorlaryň wekilleri bilen Londonda duşuşarlar. Bu ýerde 3-4-nji dekabrda Owganystan boýunça halkara konferensiýa we munuň bilen bagly beýleki çäreler geçiriler.

ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekiliniň sözlerine görä, Londondaky konferensiýanyň gatnaşyjylary, 2012-nji ýylda Tokioda özara hasabat bermek barada gelnen ylalaşyga laýyklykda, Owganystanyň borçnamalaryna syn ederler.

Tokio ylalaşygy

Bu ylalaşyga laýyklykda, halkara donorlary Owganystanyň ösüşi üçin 2015-nji ýylda 16 milliard dollar möçberde ýardam etmegi wada berýärler. Öz tarapyndan owgan hökümeti bolsa hökümet reformalaryny geçirmegi, şol sanda ygtybarly saýlawlary geçirmegi, korrupsiýany çäklendirmegi, maliýe pudagynyň aýdyňlygyny üpjün etmegi we adam hukuklaryna hormat goýulmagyny gazanmagy, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny üpjün etmegi wada berýär.

Owganystanyň öňki hökümeti ylalaşygyň bu bölegini berjaý etmek meselesinde halkara tankytlara uçrapdy, täze hökümete hem basyş edilip, ondan ýagdaýy üýtgetmek talap edilýär.

Feldman Owganystanyň iň uly hususy banklarynyň biri bolan “Kabul bankyň” daşyndaky korrupsiýa bilen bagly derňewi gaýtadan başlamak boýunça ädimleri makullady. Bu bank 2010-njy ýylda 1 milliard dollar möçberdäki bergä batyp, ýapylypdy.

XS
SM
MD
LG