Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: "Bankomatda mydama pul ýok"


Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky bankomatlaryň biri.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky bankomatlaryň biri.

Türkmenistanda hökümet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň banklaryň üsti bilen tölenip başlananyna indi ep-esli wagt boldy. Bu düzgün, umuman aýdylanda, ilatyň uly bir bölegi üçin ýeňillik döretse-de, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň ilaty bu düzgün sebäpli täze problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

“Bize-de aýlygymyzy bankomatdan almaly etdiler, bu düzgüne geçilenine iki aý boldy, emma bank kartym bilen bankomata baranymda, mydama bankomatda pul ýok, banka barsaňam, bankomatdan al diýýärler” diýip, ýerli firmalaryň birinde sürüji bolup işleýän 35 ýaşlaryndaky Döwran Azatlyk Radiosyna gürüň berdi.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky "Daýhan bank".
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky "Daýhan bank".

Aýlygyňy näme üçin diňe bankomatdan almaly diýlen soraga etrapdaky Türkmenistan we Halk bankynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan işgärleri diňe düzgün şeýle diýip jogap bermek bilen çäklendiler.

Mary welaýatynyň käbir beýleki etraplarynda ýaşaýan ildeşlerimiz hem bankdaky hasabyna ýatyrylan aýlygyny diňe bankomat arkaly çykaryp bilýändiklerini gürrüň berdiler. Emma Aşgabatdan berlen maglumatda aýlygyň banklardan nagt pul görnüşinde alnyp bilinýändigi aýdylýar.

Aýlyklaryň bank hasabyna geçirilmegi

Aýlyklaryň bank hasabyna geçirilmegi Günbatarda hatda postsowet ýurtlarynda hem indi ep-esli wagtdan bäri düzgüne giren ýagdaý, bu düzgün, esasanam, adamlary bank işleri üçin uzak wagtlap nobata garaşmakdan dyndarýar.

Hatda daşary ýurtlarda pul ugratmak, başga bir hasaba pul geçirmek, tok we beýleki kommunal hyzmatlaryň töleglerini hem banka barman, öýüňden internede çatylan kompýuteriň üsti bilen amala aşyrmak düzgüni-de indi kada öwrülen. Ilatyň uly bölegi indi kän wagtdan bäri öz bank işlerini kompýuter we Internet arkaly dolandyrýar.

Bu hem banklarda diňe nobatlaryň azalmagyna däl, eýse adamlaryň köp halatlarda wagt sarp edip, banka gitmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Netijede bu bank müşderileri üçin ullakan ýeňillik diýlip hasaplanýar.

Bankomat tölegindäki näsazlyklar

Jemi ilat sany 70,000 töweregi diýlip çaklanýan Tagtabazarda gürrüňi edilen şol düzgünleriň haçan ornaşyp, munuň haçan kadaly ýagdaýda işläp başlajakdygyny aýtmak kyn. Emma, aýlyklar banklara geçirilip başlanaly bäri iki ýyl geçendigine garamazdan, bankomat tölegindäki nasazlyklar welin, henizem dowam edýär.

Tagtabazarda bu problema Döwran ýaly ýüzlerçe adamlary gyzyklandyrýar, sebäbi edaralarda we kärhanalarda işleýän adamlaryň aglabasynyň aýlygy soňky iki ýyldan bäri banka geçirilýär. Bu düzgüne geçilmegi bilen, elbetde, bankomatlaram guruldy.

Bankomatlar banklaryň ýanynda ýerleşýär. Olaryň sany barada takyk bir zat aýtmak kyn, emma olaryň talaby ödemeýänligine welin, bankomatlardaky puluň sähelçe wagtda gutarýanlygyndan hem göz ýetirmek bolýar.

Bankomatlaryň näme üçin boş durandygy barada berlen soraga, Tagtabazaryň Türkmenistan bankynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan işgäri takyk maglumat berip bilmedi.

Sebäbi bu barada soralanda, bank işgärlerinden käbirleri munuň sebäbini bankyň nagt pul aýlanyşygynyň azlygy bilen düşündirmäge synanyşsalar, käbiri bankomatlaryň azlyk edýändigi, onsoň bankomatlar boşanda onuň wagtynda doldurulmaýandygy bilen düşündirmäge synanyşýarlar.

Tehniki näsazlyklar

Elbetde bankomatlarda tehniki näsazlyklaryň ýüze çykyp, olaryň aýlap bejerilmeýän wagtlary hem bolýar. Edil häzirki wagtda etrabyň Halk bankynda duran bankomadyň biri tehniki nasazlyk sebäpli işlemeýär. Bu indi ep-esli wagtdan bäri şeýle, onuň köpden bäri işlemän duranlygy bolsa, etrapda ony bejermeli spesialistleriň ýoklugy bilen düşündirilýär.

Beýleki goňşy etraplar bilen deňeşdirilende Tagtabazardaky bankomatlaryň ýene bir aýratynlygy - olaryň banklaryň içinde ýerleşmegidir. Bu bolsa, Bank ýapylan badyna, bankyň içinde ýerleşýän bankomatlaryň hem ýapylýandygyny aňladýar.

Etrabyň käbir banklary öz gapylaryny gündiz sagat 4-lerde ýapýarlar, hepdäniň soňunda bolsa banklar asla işlänok. “Aýlygymyzy iş arasynda baryp almaly bolýarys, bir-ä işden galýaň, ikinjidenem, baran badyňa bankomatdan pul alyp bolmasa, birnäçe gezek gatnamaly bolýaň” diýip, özüni Aganur diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky ýene bir tagtabazarly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG