Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri aktiwistine gadaganlyk girizilen bolmagy ähtimal


Azerbaýjanyň tanymal aklawçysy ýurduň adam hukuklaryny goraýan aktiwistlerini we opponentlerini goramakdan özüniň mahrum edilen bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Aklawçy Halid Bagirowyň 10-njy dekabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Azerbaýjanyň aklawçylar bileleşigi adwokatyň ýuridiki şahadatnamasyny soňa goýup, onuň wezipesinden mahrum edilmegi üçin suda ýüzlenipdir.

Bagirow bu çäräniň syýasy maksatlydygyny aýdýar.

Geçen aý Bagirow adam hukuklaryny gorap çykyş edýän azeri aktiwisti Leýla Ýunusyň sud işine garamakdan mahrum edilipdi.

Bagirowyň müşderileriniň arasynda Azerbaýjanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän ençeme tanymal aktiwistler we bloggerler, şol sanda Ilgar Mamedow, Arif Ýunus we Abula Abilow dagylar bar.

XS
SM
MD
LG