Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: AR-nyň habarçylary üns merkezimizde


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media azatlygy boýunça wekiliniň edarasy soňky günlerde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna basyşyň artdyrylyp, polisiýa tarapyndan soraga çekilmegi bilen baglanyşykly meseläni yzarlaýandyklaryny we muny degişli resmileriň öňünde gozgajakdyklaryny aýtdy.

Bu barada ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekiliniň edarasy 22-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna mälim etdi.

Soňky 10 günüň dowamynda Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary Azatlyk Radiosynyň üç habarçysyny soraga çekip, olara wideo-surat faýllaryny ýazgy etmezlik dogrusynda basyş edip, haýbat hem atdylar.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň 2014-nji ýylyň fewral aýynda ýaýradan hasabatynda Türkmenistan maglumat azatlygy boýunça dünýädäki iň bir erbet orunda, ýagny 178-nji orunda ýerleşdirilip, bu ýurduň “habar we maglumat azatlygy boýunça hut garaňky gorp” bolup galýandygy aýdylýar we Türkmenistan žurnalistler üçin “ hakyky dowzah” hökmünde häsiýetlendirilýär.

XS
SM
MD
LG