Sepleriň elýeterliligi

Charlie Hebdo: Gapma-garşylygyň hronologiýasy


Charlie Hebdo neşiriniň öldürilen karrikaturaçysy - Stephane Şarbonnier.

Charlie Hebdo neşiriniň öldürilen karrikaturaçysy - Stephane Şarbonnier.

Musulmanlar, katolikler, fransuz syýasatçylary - bularyň hemmesi uzak ýyllar dowamynda «Charlie Hebdo» hepdeliginiň nyşanalaryna öwrüldi.

7-nji ýanwarda 12 adamyň ölümine getiren ýaragly hüjüme sezewar bolan «Charlie Hebdonyň», Fransiýanyň satiriki žurnalynyň beýikleri, gowulary we bedroýlary ýaňsa almakda uzyn taryhy bar.

Fransuz liderleri, musulmanlar, ýewreýler, pop – bularyň hemmesi uzak ýyllar dowamynda hepdeligiň ýiti, kähalatda bolsa göwne degiji satirasynyň nyşanasyna öwrüldi.

Şu ýerde olaryň käbir mysallaryna ýüzleneliň.

Şarl de Goll (Charles De Gaulle)

Fransiýanyň Içeri işler ministrligi 1970-nji ýylda, ozalky prezident Şarl de Goluň ölümini ýaňsa alandygy üçin, bu žurnalyň mirasdary «Hara-Kirini» gadagan edipdi.

Prezident dogduk mekanynda, «Colombey-les-Deux-Églises» obasynda, günorta-gündogar Fransiýada gijeki klubda bolan we 146 adamy öldüren ýangyndan sekiz gün soň ýogalypdy.

Žurnal jildinde bu betbagtçylygyň metbugatda beýan edilişine öýkünip, "Kolombeýdäki tragiki ball, bir adam öldi" diýen sözbaşyny ýerleşdirdi.

Hepdelik bu gadaganlykdan adyny üýtgetmek arkaly, ýagny täze, «Charlie Hebdo» adyny almak bilen gutuldy.

Muhammet karikaturalary

Bu žurnal 2006-njy ýylda Muhammediň başda Daniýanyň “Jyllandsposten" gazetinde çap edilen on iki karikaturasyny göçürip çap etmek kararyna gelýär we bu ýagdaý ullakan gapma-garşylyga sebäp bolýar.

Şeýle-de “Charlie Hebdo» baş sahypasynda öz Muhammet karikaturasyny ýerleşdirdi. Ýagny ol ýerde “Muhammet fundamentalçylardan basylýar” diýen sözbaşy astynda “Tentekler tarapyndan söýülmek agyr” diýip aglaýan pygamber görkezilýär.

"Sharia Hebdo"

2011-nji ýylda žurnalyň ofisine ot berildi, onuň websaýtyna bolsa hakerlik hüjümi edildi. Bu hüjüm žurnal özüniň ýörite sanyny "Charia [Sharia] Hebdo" diýen at bilen çykaryp, baş redaktorlaryň hataryna bolsa Muhammet pygamberi hem goşmak kararyna gelenden soň boldy.

Neşiriň daşky jildinde Muhammediň «Eger gülüp ölmeseň, saňa 100 gamçy urlar» diýýäni çekilgidi.

Ýene-de Muhammet karikaturalary

2012-nji ýylyň sentýabrynda žurnalyň iň dawaly sany çap edildi, onda Muhammediň bir topar satiriki suraty ýerleşdirilip, olaryň arasynda pygamberi ýalaňaç, ýeňsesi ýyldyzly görkezýäni hem bardy. Ýeňsesi ýyldyzly karikaturanyň aşagynda «Ýyldyz doguldy» diýen ýazgy bardy.

Žurnalyň bu sany Birleşen Ştatlarda çykarylan arzan bahaly anti-yslam filme, «Musulmanlaryň bigünäligine» garşy protestler mahalynda Amerikanyň Ýakyn Gündogardaky ilçihanalaryna hüjüm edileninden birnäçe gün soň çap edildi. Bu neşir Fransiýanyň 20 töweregi musulman ýurdundaky ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň we mekdepleriniň ýapylmagyna sebäp boldy.

Katolikler, ýewreýler

Bu žurnal yslamdan beýleki dinleri hem uzak wagt bäri nyşana alyp gelýär. Onda 2013-nji ýylda iş başyndan aýrylandan soň, şkapdaky gomoseksual, ýagny öz hakyky bolşuny aýtmadyk adam hökmünde, ozalky pop Benedikt XVI hem ýaňsa alnypdy.

Şeýle-de žurnal daşky jildinde bir ýewreýiň, popuň we musulmanyň «Biz «Charlie Hebdo” çadyra geýdirmeli» diýip, bilelikde aglaýyşlaryny şekillendirip, ýewreýleri hem ýaňsylapdy.

Häzirki syýasatçylar hem sylanmaýar

Häzirki syýasatçylar, aýratynam fransuz prezidentleri ençeme gezek satiranyň nyşanasy boldy. Häzirki prezident Fransua Olland 2014-nji ýylda, biwepalygy baradaky habar çykan badyna, özüniň ozalky söýgülisi Walerie Trierweiler bilen düşekde ýatan şekilde suratlandyryldy. Suratyň aşagynda bolsa "Trierweilerden" komment getirilýär: "Onuň gelmegi bilen hiç ýerde ösüş ýok, ne Ollandyň erkekliginde, ne-de gowuşgynsyz fransuz ykdysadyýetinde."

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG