Sepleriň elýeterliligi

Oswensim dartgynlyga ünsi çekýär


Polşa. Nasist konsentrasiýa lageriniň umumy görnüşi, 19-njy ýanwar, 2015 ý.

Polşa. Nasist konsentrasiýa lageriniň umumy görnüşi, 19-njy ýanwar, 2015 ý.

Oswensimiň azat edilmeginiň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda, adatça bir gamgyn çärä, nasistleriň ölüm lageriniň ýesirleriniň halas edilmegi bilen bagly taryh üstündäki dawanyň möwjemegi zerarly kölege düşdi.

1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda 100-nji we 107-nji sowet atyjylyk diwiziýalarynyň esgerleri Oswensimde saklanýan ýesirleri azat etdiler. Ol esgerler Ukrain frontunyň agzalary diýip tanalýardy. Bu goşunyň milli düzümini häsiýetlendirýän däl-de, eýsem geografiki esasda berlen harby at bolup durýardy.

Emma Kiýewdäki uly derejeli resmiler indi, Polşanyň daşary işler ministriniň biraz öňräk eden we Orsýetiň gaharyny getiren beýanatlaryny gaýtalap, bu lagerdäki ýesirleri boşatmakdaky esasy ýüküň ukrain esgerleriniň gerdenine düşendigini nygtaýarlar.

"Ukrain frontunyň - Oswensimi azat edijileriň agramly bölegini ukrainalylar düzýärdi" - diýip, Ukrainanyň prezidentiniň diwanynyň başlygynyň orunbasary Weleriý Çaliý 23-nji ýanwarda guralan metbugat brifiňinde aýtdy.

Waleriý Çaliý Chaliý

Waleriý Çaliý Chaliý

Şeýle-de ukrainalylar beýleki konsentrasiýa lagerleriniň ýesirlerini we «tutuş Ýewropany» azat etmekde örän ähmiýetli rol oýnadylar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Oswensimi azat edijileriň azyndan birisi, Anatoliý Şapiro Ukrainada doglupdy, emma soňky ýyllarda bu lageriň ýesirlerini azat etmekde ykrar edilen esgerleriň birnäçesi Orsýetiň başga regionlaryna, şol sanda Sowet Soýuzyna giren respulikalara degişli bolup çykdy.

1944-nji ýylyň iýulynda, Oswensim azat edilmezinden ýarym ýyl öň, taryhçy Timoti Blauweltiň maglumatlaryna görä, sowet pyýada goşun birikmeleriniň 52 prosent çemesini ruslar, 34 prosent çemesini bolsa ukrainalylar düzýärdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin geçen hepde öz sözçüsiniň üsti bilen 27-nji ýanwarda Polşada bellenýän ýatlama gününe, Oswensimiň azat edilmeginiň 70 ýyllyk dabarasyna gatnaşmajagyny aýdaly bäri, Çaliýniň eden beýanaty gapma-garşylyklary güýçlendiren sözleriň iň soňkusy boldy.

Putin 2000-nji ýylda häkimiýete geleli bäri Sowet Soýuzynyň Ikinji Jahan urşundaky ägirt uly ýaranlyk goşandyny nygtamaga ilgezik boldy we bu ýeňişde nasistleriň ýakasy gaýyşly ölüm lageriniň synmagyndan has möhüm hasaplanýan pursatlar sanaýmalydy.

Habar serişdeleriniň birnäçesi Polşanyň bu meseledäki hereketlerini Putiniň ýatlama çärelerine gatnaşmagynyň öňüni almak niýeti bilen düşündirdi, şol bir wagtda bu ýyl Oswensim-Birkenau döwlet muzeýi hem hiç bir döwlet baştutanyna çakylyk ýollamady.

Muňa derek, muzeý dünýä liderlerini bu çäre bilen habardar etdi we gelip bilenleriň gelmegini sorady. Birnäçe lider, şol sanda Poroşenko bu çärä gatnaşmagy planlaşdyrýar.

Warşawa bilen Moskwanyň arasyndaky ýagdaý geçen ýyl, Polşa gündogar Ukrainada dörän konflikt bilen baglylykda Ukrainany goldamakda we Putiniň hökümetine garşy has berk sanksiýalaryň girizilmegine çagyrmakda öňbaşçy rola eýe bolandan soň, üzül-kesil ýaramazlaşdy.

Polşanyň daşary işler ministri Gžegož Shetyna (Grzegorz Schetyna) 21-nji ýanwarda Polşa radiosynyň Putiniň Oswensim dabarasyna gatnaşmazlygy hormatsyzlyk bolmazmy diýen soragyna tussaglary azat edenleriň harby birikmesiniň adyna salgylanyp jogap berdi.

Polşanyň daşary işler ministri Gžegož Shetyna

Polşanyň daşary işler ministri Gžegož Shetyna

"Men size has anyk aýdyp bilerinmi, bu Ukrain fronty bolupdy, Birinji Ukrain fronty, Oswensim lageriniň ýesirlerini boşadan ukrainalylardy» diýip, Shetyna interwýu mahalynda aýtdy. "Şol gün lageriň derwezelerini ukrainalylar açypdy we ondaky ýesirleri azat edipdi."

Moskwa Shetynanyň bu sözlerine gaharly jogap berdi.

"Bu ýagdaýda haýsam bolsa bir görnüşdäki milletçilik kartyny oýnajak bolmak synanyşygy barypýatan masgaraçylykdyr we bihaýalykdyr" diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Berlinde guralan metbugat ýygnagynda, polýak resmisiniň radio söhbetdeşliginden birnäçe sagat soň aýtdy.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin bolsa, öz polýak kärdeşi Boguslaw Winidiň Shetyna Ikinji Jahan urşy mahalynda Sowet Soýuzynyň goşunlarynyň hatarynda 100-den gowrak etniki toparyň söweşendigini ýatlatmagyny haýyş etdi.

Polşanyň daşary işler ministrligi Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna elektron poçta arkaly beren düşündirişinde bu ýagdaýy boýun alýan ýaly göründi, emma Shetynanyň aýdýan zatlarynyň faktlara esaslanýandygyny öňe sürdi.

"Biz Gyzyl Goşunyň hatarynda öňki SSSR-iň ähli halklarynyň, şol sany köp ukrainalynyň hem söweşendigini nygtamak isleýäris" diýip, ministrlik aýtdy.

"Shetyna Oswensim-Birkenau Gyzyl Goşunyň Birinji Ukrain frontunyň esgerleri tarapyndan azat edildi diýip, taryhy faktlara esaslandy, Ukrain frontunyň esgerleriniň arasynda Sowet Soýuzynyň beýleki milletleriniň wekilleri bilen ukrainalylar hem gulluk etdi. Bu beýanatyň başgaça düşündirilmeleriniň ählisi ýalňyşdyr."

Hyzmatdaşlyk meseleleri

Fewraldan, ozalky ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç Kiýewden gaçyp, täze ýewropaçy hökümet iş başyna geleli bäri, Moskwa Ýewropada nasizmiň ýaýraýandygy barada ýadawsyz duýduryş berýär we Kiýewi neo-nasist we faşist toparlaryny goldamakda aýyplaýar

Bir tarapdan Ukrainada soňky ýylyň dowamynda aşa sagçy ideologiýanyň esasy akyma öwrülýändigini tassyklaýan zat az bolsa, ikinji tarapdan Moskwa aşa milletçi ýewropa partiýalaryny goldady, ýagny öz aýdýan zatlaryny berkitmek üçin Gündogar Ýewropanyň çylşyrymly taryhyny ulandy.

Döwlet mediasynda we daşary ýurtlarda, Ukrainanyň Ikinji Jahan urşundaky tejribeleri barada gürrüň edilende, Orsýet Stepan Banderanyň, garşylaryna göreşe başlamazdan öň nasistler bilen hyzmatdaşlyk eden anti-sowet pitneçiniň goldawçylaryna ünsi gönükdirdi.

Käbir taryhçylar Bandera eýerijileriň gündogar Ukrainada ýewreýleriň we polýaklaryň öldürilmegine gatnaşandygyny aýdýarlar.

Ukrainalylar bolsa, özleriniň Ýewropanyň azat edilmegine goşan ägirt uly goşantlaryna az ähmiýet berilýändigini aýdýarlar.

Ikinji Jahan urşy mahalynda, Sowet Soýuzy üçin bolan söweşlerde 1 milliondan gowrak ukrainaly wepat boldy, ýagny olar ruslardan soň iň köp pida beren ikinji millet bolup durýar.

Başga tarapdan, Ukrainada, Polşada we gündogar Ýewropanyň beýleki döwletlerinde köp adam german we sowet okupasiýalarynyň ikisinde hem ejir çekendigini aýdýar.

Emma Los Anjelsde aman galan nasistleri yzlap tapmak we jogapkärçilige çekmek bilen meşgullanýan Simon Wiýesenthal merkezine ýolbaşçylyk edýän Efraim Zuroff başga pikirde, ol Merkezi we Gündogar Ýewropa hökümetleriniň özleri, öz taryhlaryndaky şübheli elementlere baha bermejek bolup, nasist we kommunist jenaýatlarynyň arasyndaky ekwiwalent ördegini öňe itermäge synandylar diýýär.

Latwia, Simon Wiesenthal merkeziniň direktory Efraim Zuroff, 2012

Latwia, Simon Wiesenthal merkeziniň direktory Efraim Zuroff, 2012

Polşanyň özüniň muňa girmeýändigini bellemek bilen, Zuroff AÝ/AR-a Gündogar Ýewropanyň halklarynyň [nasistler bilen] giň ýaýrawly, örän ähmiýetli hyzmatdaşlygyny ýuwup-ýylmamak boýunça tagalla edilýändigini aýtdy.

Oswensimde 1 milliondan gowrak adam öldi, olaryň köpüsi ýewreý, emma wepat bolanlaryň arasynda onlarça müň romaly, 74 müň çemesi polýak hem bar.

Nasistler bilen hyzmatdaşlyk edenler belli nasist gyrgynçylyklarynyň birnäçesine, şol sanda Kiýewiň etegindäki Babi Ýarda müňlerçe ýewreýiň ýok edilmegine ilteşikli boldular.

Sowetleriň özleri bolsa, Orsýetiň demirgazyk-günbataryndaky Katyn tokaýlygynda 20 müňden gowrak polýak tussagyny gyrdylar.

Kreml Oswensim dabarasyna Putiniň diwanynyň başlygy Sregeý Iwanowy iberjegini aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG