Sepleriň elýeterliligi

Polisiýa ýaragly adamy öldürdi


Kopenhagen polisiýasy demirýol stansiýasynyň ýanynda bir adamy, özlerine tarap tüpeň atanyndan soň, atyp öldürendigini aýdýar.

Polisiýanyň sözçüsi 15-nji fewralda ol adamyň biraz öň şäherde bolan iki atyşygy amala aşyran ýaraglydygyna ynanylýandygyny aýtdy.

Häkimiýetler bu waka başga-da gatnaşýanlaryň bardygyny ýa ýokdugyny derňeýärler. Öldürilen adamyň şahsyýeti anyklanmady.

Biraz öň bolan atyşykda iki adam ölüp, bäş polisiýa ofiseri ýaralandy. Birinji atyşyk medeniýet merkezinde boldy.

Ol ýerde 2007-nji ýylda Muhammet pygamberiň it şekilindäki karikaturasyny çeken gapma-garşylykly hudožnik Lars Wilks söz azatlygy we sungat baradaky çekişmä gatnaşýardy. Ikinji atyşyk 15-nji fewral güni irden şäher merkezindäki sinagogyň golaýynda boldy.

Atyşykda kellesinden ok degen bir adam soňra hassahanada aradan çykdy. Iki polisiýa ofiseriniň elinden we aýagyndan ok degdi. Ýaragly adam atyşykdan soň gaçyp gutuldy.

XS
SM
MD
LG