Sepleriň elýeterliligi

Eýýäm ençeme ýyl bäri her bir ýaş türkmenistanly, ýokary okuw jaýyna okuwa gireninde, okuw döwri kafe, diskoteka gitmejekdigi, çilim çekmejekdigi we awtoulag sürmejekdigi barada ýazmaça käbir wadalary bermeli bolýar. Eger sözünde durmasa, wadasyny bozsa, onda öz garşysyna çäre görülmegine öňünden boýun bolýar. Onuň wadasy resmileşdirilip, student okuwy tamamlýança onuň öz şahsy iş bukjasynda saklanylýar.

Emma soňky döwürde talyplaryň awtoulag sürmek gadagançylygy bilen bagly çäreler güýçlendirilene meňzeýär. Soňky bir aý bäri studentleriň sürüjilik şahadatnamlarynyň ellerinden alynýandygy baradaky habarlar peýda boldy. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary studentiň awtoulag sürýändigini bilip, onuň sürüjilik şahadatnamasyny elinden alýandyklaryny ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň käbirleri hem tassyklaýarlar.

“Studentiň prawasy (sürüjilik hukugy – Red.) elinden alnyp, ene-atasyna [student] okuwyny tamamlýança özlerinde saklamagy maslahat berilýär. Ýogsa, studentiň okuwdan çykarylmagy ähtimal. Sebäbi ol okuwa gireninde, maşyn sürmejekdigi barada dil hatyny berýär” diýip, Türkmenistanyň Döwlet ulag we awtotransport institutynyň mugallymy gürrüň berýär.

Ol bu hili çäräniň girizilmegini studentleriň arasynda ýol hereketi bilen bagly hadysalaryň öňüni almak üçin edilýändigi bilen düşündirýär. Her bir şolar ýaly hadysa üçin bolsa studentiň mugallymynyň hem jogap bermeli bolýandygyny Türkmenistanyň Döwlet ulag we awtotransport institutynyň mugallymy aýdýar: “Student bir “etmiş” etdimi, onuň mugallymy düşündiriş ýazmaly. Ýolbaşçydan käýinç almaly. Kähalatda bolsa studentiň has agyr “etmişi” üçin mugallymy hem işden çykaryp bilýarler”.

Ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine garşy girizilen gadagançylyklar barada resmi taýdan düşündiriliş berilmeýär.

Gatnaw

Şol bir wagtda hem transport bilen baglylykda talyplara garşy girizilýän “resmi däl” gadagançylyklar hem bar. Bu gadagançylyklar dilden aýdylýar. Bu gadagançylyklar, ýaňky aýdylyşy ýaly, resmileşdirilmedik bolsa-da, hökman berjaý edilmeli.

Mysal üçin, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary dynç alyş döwri ýa-da başga bir wagt öýe – beýleki welaýatlara gaýtjak bolýan studentlerden hususy taksilere münmezligi talap edýärler. Studentler döwlete degişli transport bilen awtobus, otly ýa-da uçar bilen öýe gaýtmaly.

Mundan başga-da, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň egin-eşiklerine degişli-de birnäçe çäklendirmeler bar.

Bu gadagnçylyklara boýun bolmadyk studentlere bolsa çäre görülýär. Emma student şol gadagançylyklary aýratyn bir gözdençykgynyç görnüşde bozaýmasa, ol okuwdan çykarylmaýar.

“Ilkibaşda duýduryş berýärler. Soň ene-atalary çagyrylyp, olar habardar edilýär. Eger-de şondan soň hem student talaplary inkär etse, onda ol okuwdan çykarylyp bilinýär” diýip, Türkmenistanyň Döwlet ulag we awtoransport institutynyň mugallymy aýdýar.

Şol bir wagtda hem awtoawariýalara gatnaşygy olan studentleriň köplenç halatda okuwdan çykarylýandygyny Türkmenistanyň Döwlet ulag we awtoransport institutynyň mugallymy aýdýar.

Ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň durmuşyna degişli girizilen gadagançylyklary studentleriň köpüsi goldamaýan hem bolsa, garşylyk görkezýän ýok.

“Nägileligini bildirýän ýok. Her kim okuwyny gutarýança kaýyl bolup gezýär” diýip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji kursunyň studenti Batyr bu barada öz pikirini aýdýar.

Türkmenistanda 19 sany harby bolmadyk ýokary okuw jaýy bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG