Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat parahatçylyk gepleşikleri üçin öz giňişligini hödürledi


Türkmenistan owgan hökümeti bilen “Talyban” hereketiniň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň geçirilmegi üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny ýene bir gezek tekrarlady.

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Sapar Berdiniýazow mundan öň Türkmenistanda Burhanuddin Rabbani, Abdul Raşit Dostum, Ysmaýyl Han ýaly owgan liderleriniň gatnaşmagynda gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.

Berdiniýazow bu barada Yslamabatdaky Strategik institutda eden çykyşynda belläp geçdi. Şeýle-de ol Owganystanda parahatçylygy ornaşdyryp bolmasa, onda TOPH, ýagny Türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana akdyrjak gazgeçiriji proýektiniň durmuşa geçip bilmezliginiň mümkindigini hem nygtady.

Iň soňky gezek, geçen ýylyň noýabr aýynda Pekinde geçirilen Owganystan boýunça Stambul prosesiniň 4-nji konferensiýasynda Türkmenistan Owganystanyň ähli konstruktiw we jogapkärli güýçleriniň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň geçirilmegi üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG