Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Ukraina: Sanksiýalar maslahat edildi


Petro Poroşenko

Petro Poroşenko

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýete garşy indiki sanskiýalaryň geçen aýda Minskde gelnen ylalaşyklaryň berjaý edilişine bagly bolmalydygy barada ylalaşdylar.

Ak tamyň aýtmagyna görä, Biden Poroşenko bilen 18-nji martda telefon arkaly söhbetdeş bolupdyr.

“Orsýet Ukrainada zorlugy we durnuksyzlygy tutaşdyrýan bolsa, halkara jemgyýetçiligi Orsýetiň şeýle çärelere baş goşmagynyň bahasyny artdyrmaga taýyn bolmaly” diýip, beýannamada aýdylýar.

“Ýörite status” baradaky kanun

Biden ukrain parlamentinde ýurduň orsýetparaz pitneçiler tarapyndan eýelenen gündogar regionlaryna ýörite statusyň berilmegi boýunça geçirilen ses berişligi we parlamentiň şol regionlaryň çäkli görnüşde öz-özüni dolandyrmagyny kepillendirmek boýunça kabul eden kararyny oňlady. Ukrainanyň kanunlaryna laýyklykda, agzalan regionlar bu duruma ýurtda ýerli saýlawlar geçirilenden soň eýe bolarlar.

Orsýet we gozgalaňçylar bu şertleri ret edýärler. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 18-nji martda eden çykyşynda Ukrainanyň parlamentiniň 12-nji fewralda Belarusyň paýtagtynda gelnen ylalaşygy “gaýtadan ýazmaklyga” synanyşýandygyny aýtdy.

Kiýewde premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk Ukraina tarapdan hiç kimiň Orsýetiň we “terrorçylaryň” Minsk planyny berjaý etmäge taýýardygyna bil baglamaýandygyny belledi.

Poroşenko “ýörite status” baradaky kanuna 18-nji martda gol çekdi.

Sanksiýalar barada maslahat

Ak tamyň aýtmagyna görä, prezident Barak Obama we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ukrainadaky ýagdaýy 18-nji martda geçiren özara telefon söhbetdeşliginde maslahat edipdirler.

Iki lideriň Minsk ylalaşygynda göz öňünde tutulan borçnamalar doly berjaý edilýänçä, Orsýetiň separatistlere berýän goldawy bilen bagly oňa garşy girizilen sanksiýalary gowşatmazlyk barada ylalaşyga gelendikleri habar berilýär.

19-20-nji martda Brýusselde geçirilen duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Orsýetiň bank we nebit pudaklaryna dekabr aýyndan bäri täsir ýetirýän sanksiýalary ýaýbaňlandyrmak meselesine garadylar.

ÝB-niň diplomatynyň adynyň agzalmazlyk şerti bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk şu aýda kabul ediljegi çak edilýän karara degişli teklip boýunça Germaniýadyr Fransiýa bilen bilelikde işleşýär.

Emma dipomat käbir ýurtlaryň, şol sanda Gresiýanyň, Awstriýanyň we Slowakiýanyň garaşmagy teklip edýändigini we käbir sanksiýalara gaýtadan garamagyň wagty gelende, iýun aýynda karara gelmegi isleýändigini aýtdy.

Ylalaşygyň şertleri

Minskde gelnen ylalaşykda Ukrain hökümetiniň pitneçileriň eýeçiligindäki giňişliklerde Orsýet bilen aradaky döwlet serhedine gözegçiliginiň ýylyň aýagyna çenli belli bir şertleriň esasynda dikeldilmegi talap edilýär.

“Ýörite statusa” kepil geçmeklik Minsk ylalaşygynda razylaşylan çäreleriň bir bölegidir. Petro Poroşenkonyň Wladimir Putin bilen gepleşiklerinde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland araçylyk edipdiler.

Şeýle-de ylalaşyk 15-nji fewraldan başlap ok atyşygy bes etmegi ýola goýupdy we 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 6000 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan konfliktiň front liniýasyndan agyr ýaraglary yza çekmegi talap edipdi.

Söweşler gowşan hem bolsa, henizem dowam edýär, taraplaryň ikisi-de bir-birini ylalaşygy bozmakda aýyplaýarlar. Kiýew separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşykdan täze hüjümleri amala aşyrmak maksady bilen öz goşunlaryny gaýtadan düzmek üçin peýdalanmagyndan howatyrlanýar.

18-nji martda Ukrainanyň harbylarynyň metbugat wekili Andriý Lysenko soňky 24 sagadyň dowamynda pitneçileriň hüjümleri zerarly bir esgeriň wepat bolandygyny we bäşisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG