Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Sanksiýalar Minsk ylalaşygyna bagly


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk, Brussel, 19-njy mart, 2015

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk, Brussel, 19-njy mart, 2015

Ýewropa Bileleşigi Orsýet babatyndaky ykdysady sanksiýalaryň Minsk ylalaşygynyň berjaý edilişine bagly boljakdygyny aýdýar. Geçen aýda gelnen bu ylalaşyk gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda ok atyşygyň bes edilmegine we syýasy çözgüde gönükdirilýär.

19-njy martda ÝB-niň Brýusseldäki sammitinde eden çykyşynda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Donald Tusk Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň “ykdysady sanksiýalaryň dowam etdirilmeginiň Minsk ylalaşygynyň berjaý edilişine doly baglydygy we oňa 2015-nji ýylyň aýagynda gaýtadan garamak” kararyna gelnendigini aýtdy.

Möhlet meselesi

Orsýetiň maliýe, goranyş we energiýa pudaklaryna garşy sanksiýalaryň möhleti iýul aýynda dolýar. Formal taýdan sanskiýalary gineldip-giňeltmezlik baradaky karar ÝB-niň diňe indiki sammitinde, iýun aýynda kabul edilip bilinýär.

Emma sanksiýalaryň Minsk ylalaşygyna baglanylmagy olaryň möhletini dekabr aýyna çenli uzaldýar, sebäbi ylalaşykda Kiýewiň Orsýet bilen özara döwlet serhedine gozegçiligini ýylyň aýagyna çenli doly dikeltmegi göz öňünde tutulýar.

Tusk Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetiň Ukrainanyň içki işlerine harby taýdan goşulmagy sebäpli, gerek bolsa, goşmaça sanskiýalary girizmäge taýýardygyny belledi.

Onuň nygtamagyna görä, bu karar ÝB-niň 28 agzasynyň Orsýetiň 6000 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan ýaragly konflikte goşulmagyna garşy bütewi garaýyşa eýedigini görkezýär.

Moskwa sanksiýalaryň adalatsyzdygyny aýdýar we konflikte gatnaşygyny ret edýär. Şol bir wagtda-da Kiýew we NATO Ukrainanyň Orsýet bilen serhetdeş iki regionyna gözegçilik edýän separatistleri goldamak üçin Moskwanyň goşun we ýarag iberýänliginiň takyk subutnamalarynyň bardygyny aýdýarlar.

Barlyşykly karar

ÝB-niň karary ýurtlaryň arasynda gelnen barlyşygyň netijesidir. Polşa we Litwa ýaly ýurtlar sanksiýalary dekabr aýyna çenli uzaltmak baradaky resmi karary eglenmezden kabul etmegi talap etdiler, beýlekiler, şol sanda Wengriýa we Gresiýa wagt möhleti dolýança kararyň yza tesdirilmegini teklip etdiler.

Munuň öňüsyrasynda Brýusselde Tusk Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk bilen duşuşdy. Ýatsenýuk Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Ukrainanyň üstünde Ýewropada bölünişik döretmäge synanyşykda aýyplady.

Ol Tuska Ýewropanyň bu meselede özara bütewülik görkezmeginiň agressora “iň gowy jogap” bolup biljekdigini aýtdy.

20-nji martda Ýewropa Parlamentiniň esasy komiteti Ukrainanyň ykdysadyýetine goldaw hökmünde 1.8 milliard ýewro möçberde orta möhletli karz bermek plany boýunça ses berişlik geçirdi.

XS
SM
MD
LG