Sepleriň elýeterliligi

Kanada Yrakdaky missiýasyny uzaldýar


Kanadanyň kanunçykaryjylary hökümetiň, Siriýadaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy bomba hüjümlerini amala aşyrmak baradaky planlaryny goldap ses berdiler. Ýurduň oppozision partiýalary bu hereket Kanadany uzak urşa çeker diýýärler.

Gürrüňi gidýän plan Kanadanyň parlamentiniň Aşaky öýünde sesleriň 142-129 gatnaşygynda häkimiýetdäki Konserwatiwler tarapyndan goldanyldy.

Şeýle-de, bu ses berişlikde “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy Kanadanyň alty aýlyk missiýasynyň möhleti 2016-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli, ýagny 1 ýyla çenli uzaldyldy.

Kanada Yragyň demirgazygynda ýörite güýçlerden ybarat 70 çemesi harbysyny ýerleşdiripdi we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň düzüminde Kanadanyň alty uruş uçary howa zarbalaryny amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG