Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Esasy parametrlerde ylalaşyk gazanyldy


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini (Ç) Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (S) bilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini (Ç) Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (S) bilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýsat başlygy Federika Mogherini Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada köptaraply ylalaşyga gelmek üçin esasy parametrler boýunça ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Mogherini "aýgytlaýjy ädimiň" ädilendigini aýtdy. Ol geljekki şertnamada Eýranyň uran baýlaşdyrmak mümkiçiligi çäklendiriler we, beýleki zatlaryň arasynda, ýene bir desgasy ýadro fizikasy boýunça ylmy-barlag merkezine öwrüler diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, ýadro programmasy meselelerini çözmekde ylalaşygyň bolandygyny twit etmek bilen, bu güni "beýik gün" diýip atlandyrdy. "Basym gutarnykly ylalaşyk üçin gaýtadan iş başyna geçeris."

German daşary işler ministri "esasy punktlar boýunça düşünişmä gelindi" diýdi.

Eýranyň ýadro programmasyna dahylly sanksiýalar bolsa, BMG-niň ýadro gşzegçiligi gullugy eglişigi tassyklanyndan soň yzyna dolanar.

Ylalaşygyň öňýany

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif birz öň Tähranyň ýadro programmasy barada ylalaşyk baglaşmak üçin geçirilýän gepleşiklerde «düýpli progresiň» bolandygyny, emma «entek ahyrky netijäniň» ýokdugyny aýdypdy.

Zarif 2-nji aprelde, dünýäniň alty döwletiniň baýry diplomatlary bilen Eýranyň arasynda barýan gepleşikleriň 31-nji marta bellenen soňky möhleti geçeninden soň çykyp gürledi. Tähranyň ýadro işjeňliklerini jylawlap, agyr ykdysady sanksiýalary gowşatmak maksady bilen geçirilýän gepleşikler häzirem dowam edýär.

Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmek ähtimallygynyň öňüniň alynmagyny isleýärler, Tähran BMG-niň, ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň öz ykdysadyýetine agyr zarba uran sanksiýalarynyň soňlanmagyny isleýär.

"Biz gepleşiklerde düýpli proogres gazandyk, emma entek gaýtadan synlanan çözgütlerde ylalaşmadyk» diýip, öten agşam, aşagrak derejedäki resmiler hem gepleşýärkä, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen sagatlap gürleşen Zarif aýtdy.

"Biz iýunyň aýagynda baglaşyljak gutarnykly ylalaşygy taslamaga alyp geljek meseleleriň parametrlerini kesgitlemek üstünde işleýäris» diýip, Zarif Eýran bilen alty döwletiň hemme taraply ylalaşyk üçin bellän 30-njy iýunyny nazara alyp aýtdy.

Eýran bilen alty döwletiň – Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň gepleşikçileri günüň birinji ýarymynda ençeme duşuşyk guradylar.

"Gepleşikleri yzlaýanlar üçin, häzir Lazannada ir sagat 6. Bu hakykatdanam tutuş bir gije boldy» diýip, döwlet departamentiniň sözçüsi Mariýe Harf twitterde ýazdy.

Bäş sagada golaý soň bolsa ol Kerriniň we beýleki gepleşikçileriň ýene «iş başyna dolanandyklaryny» ýazdy.

German daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeiýer ahyrky möhlet geçenden soň Lazannada galanlaryň biri, ol gepleşiklerde bolmak üçin Baltika planlaşdyran saparyny ýatyrýandygyny yglan etdi.

Ahyrpelle kynçylygy

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius progres örän haýal diýip bir gün öň Pariže gidenem bolsa, 1-nji aprelde giçlik yzyna dolanyp geldi.
"Biz pellehana ýetmekden birnäçe ädim uzakda, emma hemişe soňky ädimler has kyn bolýar. Biz gaýrat ederis we olary geçeris» diýip, Fabius Şweýsariýanyň kurort şäherine dolanyp gelende aýtdy.

Ol ýene şeýle diýdi: "Biz ynamdar we barlap bolýan şertnama isleýäris, onsoň bu ýerde şindi aýratynam Eýran tarapyndan edilmeli progresleri salgy berýän punktlar bar.»

Ak tamyň sözçüsi Joş Earnest Waşingtonda žurnalistlere «Eýranyň käbir kararlara gelmegine wagt boldy» diýdi.

Emma Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähranyň däl-de, uly döwletleriň ýerinden gozganmalydygyny aýtdy.

"Gepleşiklerdäki progres we üstünlik beýleki tarapyň syýasy erkine bagly" diýip, Zarif 1-nji aprelde aýtdy. «Bu olar üçin hemişe problema bolan mesele» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gepleşikçiler Eýrana näçe mukdarda uran baýlaşdyrmaga ygtyýar berilmegi, baýlaşdyrylan uranyň nirede saklanmalydygy, Eýranyň ýadro gözleg-agtaryş işleriniň teklip edilýän çäkleri, sanksiýalary aýyrmagyň wagty we şertleri barada çekişýärler.

BMG-niň hemişelik agzasy bolan bäş ýurt we Germaniýa Eýranyň ýadro programmasyny Tähran ýadro ýaragyny edinip bilmez ýaly derejede, barlap bolýan şertlerde jylawlamak isleýär.

Tähranyň ýadro programmasy bilen baglylykda iki onýyllykdan gowrak dowam eden dartgynlyklardan soň köptaraply ylalaşyk baglaşylmagy Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga mümkinçilik berjek, bu gatnaşyklar 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan bäri juda ýaramazlaşdy.

Emma iki ýurduň – hem ABŞ-nyň, hem Eýranyň konserwatiwleri, şol sanda ABŞ-nyň ýaranlary Ysraýyl we Saud Arabystany bu ylalaşygy baglaşmaga aňrybaş derejede seresaply garaýarlar.

2013-nji ýylyň noýabrynda bir geçiş ylalaşygy baglaşyldy, emma gepleşikçiler şondan bäri iki gezek öz bellän soňky möhletlerini elden berdiler.

Harby çäre

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu gaýta-gaýta bu ylalaşygyň Eýranyň öňüni baglaman, tersine oňa bomba edinmäge ýol açjagyny duýdurdy.
Ysraýylyň aňtaw ministri Ýuwal Steinitz ýadro ýaragly Eýran howpy abanan ýagdaýynda, ähli çäräniň görüljekdigini aýtdy.

Steinitz jemgyýetçilik radiosynda çykyş edip, Ysraýyl islendik howpa garşy diplomatiýa we aňtaw arkaly garşy durmaga çalşar, emma «bizde başga çäre bolmasa, harby çäre hem gün tertibinde» diýdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter hem şu hepdäniň başynda beren bir interwýusynda eger Eýran bilen ýadro ylalaşygy baglaşylmasa, «onda harby çäre gün tertibinde saklanyp galsa gerek» diýdi.

Eýranyň goranmak ministri, brigada generaly Hossein Dehghan 2-nji aprelde Karteriň bu sözleriniň Lazannadaky «gepleşikleriň rasional atmosferasyna täsir ýetirmek niýeti bilen» aýdylandygyny belledi.

Dehghan Karteriň belliklerini «boş» haýbat diýip atlandyrdy we olaryň Eýranyň gepleşiklerde eýeleýän «oýlanyşykly, rasional we adalatly pozisiýasyna täsir ýetirmejegini aýtdy» diýip, resmi IRNA habar gullugy ýazdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG