Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WhatsApp mugt telefon jaňlaryny hödürleýär


WhatsApp mugt telefon jaňlaryny hödürleýär.
WhatsApp mugt telefon jaňlaryny hödürleýär.

Mobil operatorlarynyň SMS hyzmatlary bilen çynlakaý bäsdeşlikde bolan WhatsApp kompaniýasy täze hödürleýän funksiýasy bilen däp bolan mobil jaňlary bazaryndaky müşderileriň ünsüni özüne çekýär.

WhatsApp kompaniýasy telefon jaňlary barada mundan birnäçe wagt öň bildiriş ýaýradan täze funksiýasyny ulanyşa girizdi. Bu kompaniýa eýýäm birnäçe gün bäri öz ulanyjylaryna täze girizilen hyzmat barada maglumat ugradýar. WhatsApp-yň jaň etmek funksiýasyndan Android platformasynda ulanylýan tehniki enjamlaryň ulanyjylary peýdalanyp bilerler.

Häzirlikçe programmanyň täze wersiýasy çykarylmasa-da, jaň etmek funksiýasyny aktiwleşdirmek üçin öz mobiliňe onuň iň soňky – 2.12.19 wersiýasyny ýüklemeli. Mundan soň programma täze interfeýsde açylýar. WhatsApp programmasynyň iň soňky wersiýasyny öz mobiline ýüklänler onuň täze funksiýasyny görerler we ony ulanyp bilerler.

Indi bu programmada “calls”, ýagny “jaňlar” düwmesi açylýar. WhatsApp-yň ulanyjylary bu bölümde gelen we giden jaňlary görüp bilerler.

Ulanyjylar bu programma arkaly kontakt sanawyndaky telefon belgini seçip ýa-da hat ýazyşýan mahaly jaň edip bilerler. Bellemeli zat, bu programmanyň iş düzgünine görä, ulanyjy diňe beýleki tarap hem onlaýn bolan wagty, oňa jaň edip bilýär.

Galyberse-de WhatsApp boýunça mobilden jaňlaşmak üçin ulanyjylaryň ikisinde-de programmanyň iň soňky wersiýasy bolmaly. Eger-de ulanyjynyň jaň edýän adamsy onlaýn bolmasa, onda ol diňe jogapsyz jaň sesini eşider. Ýöne, amatly ýeri, beýleki tarapdaky ulanyjy WhatsApp programmasyny indiki gezek açanda, özüne jaň edilendigi barada maglumat alar.

WhatsApp kompaniýasy öz täze funksiýasyny iOS platformasynda hem aktiwleşdirmegi planlaşdyrýar. Agzalýan kompaniýa bu işiň ýakyn günlerde durmuşa geçiriljekdigini mälim etdi.

Mobil operatorlarynyň SMS hyzmatlary bilen çynlakaý bäsdeşlikdäki WhatsApp kompaniýasy öz hödürleýän bu täze funksiýasy arkaly däp bolan mobil jaňlary bazaryndaky müşderileri özüne çekip biler.

XS
SM
MD
LG