Sepleriň elýeterliligi

Türkmen häkimiýetleri ýurtda halkara TW we radio gepleşiklerininiň doly öňüni almak üçin satellit çanak antennalaryny ýok etmek boýunça täze kampaniýa başladylar diýip, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça ösüş merkeziniň beýannamasynda aýdylýar.

Maglumatda türkmen häkimiýetleriniň hususy satellit çanaklary ýok edip, olaryň ulanylmagyna gadagançylyk girizmeginiň Türkmenistanda şu çaka çenli satellit çanaklar arkaly elýeterli bolan ýüzlerçe garaşsyz halkara media serişdelerinden mahrum etmek maksadyna eýerýändigi bellenilýär we dürli dillerdäki şeýle halkara täzelikler kanallarynyň arasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň türkmen dilinde gepleşik berýän Azatlyk Radiosynyň esasy nyşan bolup durýandygy aýdylýar.

Garaşsyz çeşmelere basyş

“Azatlyk Radiosy Türkmenistanda we türkmen dilli dünýäde ýeke-täk garaşsyz informasiýa çeşmesi bolup, ýurtda giňden diňlenýär. Radio häzirki wagtda türkmen diňleýjilerine emeli hemra arkaly elýeterli, şol bir wagtda-da Türkmenistan barada garaşsyz informasiýa berýän beýleki kanallar, şol sanda adam hukuklaryny goraýjy we dissident guramalarynyň websaýtlary bilen bir wagtda Azatlyk Radiosynyň websaýty-da ýurtda böwetlenýär” diýlip, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça merkeziň maglumatynda bellenýär.

Maglumatda satellit çanaklarynyň Türkmenstanda garaşsyz informasiýa çeşmeleriniň elýeterligindäki rolunyň ähmiýeti bellenip, türkmen diňleýjileriniň aglaba bölegi üçin garaşsyz tele-radio gepleşikleriniň diňe satellit çanaklary arkaly elýeterlidigi; ýurduň şäherlerinde ähli ýaşaýyş jaýlarda 20 ýylyň dowamynda gurnalan satellit çanaklarynyň ilatyň öz hasabyna goýdurylandygy aýdylýar.

Gepleşikler mugtuna

“Çanak antennalary TW we radio gepleşiklerini mugtuna elýeterli edýär” diýlip, bu ýagdaýyň “köpçüligiň resmi mediadaky senzura we propaganda reaksiýasy” bolup durýandygy bellenýär.

Soňky hepdelerde çanak antennalaryny aýyrmak işini aktiwleşdiren we bu hereketlerine resmi düşündiriş bermeýän türkmen häkimiýetleriniň aýrylýan çanaklaryň ýerine teklip edilýäniň esasan Orsýetiň, Türkiýäniň we Hindistanyň kanallaryny görkezýän kabel TW-digi we munuň iş ýüzünde döwlet derejesinde amala aşyrylýan talaňçylyk bolýandygy, sebäbi bu kanallary görmek boýunça döwlet derejesinde Orsýet, Türkiýe we Hindistan bilen resmi şertnama baglaşylmandygyny ýazýar.

Häkimiýetler tele-radio täzelik kanallaryny öz içine almaýan kabel telewideniýesine doly gözegçilik edip, ony islän wagty kesip bilýär diýip, beýannamada bellenýär.

Şeýle-de Demokratiýa we adam hukuklary boýunça merkeziň maglumatynda, “soňky wagtda artýan meşhurlygy bilen, adam hukuklary, türkmen türmelerinde ýitirim bolanlar problemasy, [ýurduň] günorta serhedindäki howpsuzlyk aladalary, jaýlaryň ýumrulmagy ýaly möhüm meseleler barada giňişleýin we professional maglumatlary bilen Azatlyk Radiosy Türkmenistanda adamlar üçin garaşsyz maglumatyň taýsyz çeşmesidir” diýip, beýannamada aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG