Sepleriň elýeterliligi

HRW çanak antennalaryň aýrylmagyndan aladalanýar


Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryndan çanak antennalary aýrylýar.

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryndan çanak antennalary aýrylýar.

Türkmenistanda soňky döwürde, esasanam Aşgabatda, ilatyň hususy çanak antennalary aýrylyp başlandy. Bu iş hökümet tarapyndan amala aşyrylýar. Munuň sebäbi barada halk köpçüligine resmi taýdan hiç hili maglumat berlenok.

Emma hukuk goraýjy guramalaryň käbirleri munuň ilkinji gezek ädilýän ädim däldigini we bu çäräniň onsuzam repressiw basyş astynda ýaşaýan ilatyň garaşsyz maglumatlary almak mümkinçiligine garşy görülýän nobatdaky çäredigini aýdýarlar.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Rachel Denber Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu meselede gös-göni Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenmekçidigini aýtdy. Hanym Denber bilen Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde Aşgabatda ýaşaýjylaryň hususy çanak antennalaryny aýyrmak barada hökümet tarapyndan aýratyn kompaniýa alnyp barylýan ýaly bolup görünýär. Bu ýagdaýa siziň garaýşyňyz nähili?

Denber: Biz bu ýagdaýy gaty alada edýäris, bu hereket resmiler tarapyndan adamlar üçin garaşsyz habar çeşmeleriniň elýeterligini çäklendirmek maksady bilen alnyp barylýan kampaniýa. Muňa biz çynlakaý alada bildirýäris. Biziň şeýle pikir etmegimiziň sebäbi, hususy çanak antennalar arkaly adamlar islendik habar çeşmesini, şol sanda Azatlyk Radiosyny we beýleki radio we telekanallary diňläp hem görüp bilýärler.

Rachel Denber

Rachel Denber

Häkimiýetler ilatyň çanak antennalaryny aýryp, ýaşaýjylara hökümet tarapyndan hödürlenýän kabel telewideniýesini ýa merkezleşdirilen çanak antennalaryny teklip edýärler. Bu teklibem däl-de, hakykatda mejburlyk ýaly bolup görünýär.

Emma bu ädimiň özboluşly problemasy bar. Kabel telewideniýesiniň dürli telekanallary hödürleýändigine garamazdan, hödür edilýän kanallaryň arasynda garaşsyz habar çeşmesi ýok. Ikinji problema bolsa, hödür edilýän mümkinçilikleriň ikisiniň-de hökümetiň eýeçiliginde bolmagy bilen bagly.

Hususy çanak antennalar Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin, garaşsyz maglumatlaryň elýeterligi nukdaýnazaryndan, iň soňky mümkinçilikdi. Bu serişde olaryň elinden alnan ýagdaýynda, öňdenem juda repressiw ýagdaýda ýaşaýan ilatyň garaşsyz habar almak mümkinçiligi hasam kynlaşar.

Şunlukda biz bu çärä hökümetiň ýurtda garaşsyz habar ulgamyny has-da çäklendirmek üçin ädýän ädimi hökmünde garaýarys.

Azatlyk Radiosy: Eger şeýle pikir edýän bolsaňyz, hökümetiň bu ugurda ädýän ädimleriniň mundan beýläk haýsy ugra gönüger diýip çaklaýarsyňyz?

Denber: Bu ýagdaýa has çuňňur syn etsek, onda çanak antennalary aýyrmak boýunça başladylan bu kampaniýanyň Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan edilýän ilkinji synanyşyk däldigini görse bbolýar. 2007-nji ýylda hem şeýle synanyşyk bolupdy. 2011-nji ýylda ýene bir gezek şeýle bir synanyşyk edildi.

Bu gün hökümet bu meselä ýene bir gezek dolanyp geldi. Ýagny, bu 8 ýylyň dowamynda edilýän üçünji synanyşyk. Indi hökümet resmileri ýaşaýjylara öz hususy çanak antennalaryny aýrmagy diňe bir maslahat bermän, hut özleri baryp, şol antennalary aýryp başladylar.

Şol bir wagtyň özünde-de biz käbir toparlaryň ýaşaýş jaýlaryň üçeklerine çykyp, şol çanak antennalary ýumrup başlandygyny hem eşitdik, şeýle toparlaryň hökümetden birugsat hereket edip bilmejegini bilýäris.

Dogrusy, hökümetiň mundan beýläk ätjek ädimini çaklamak gaty kyn, emma biz hökümet öz bu ugurdaky hereketini ýene bir gezek çynlakaý gözden geçirer diýip umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Bu ugurda Human Rights Watchyň planlaşdyrýan ýörite bir kampaniýasy barmy?

Denber: Biz bu meselede gös-göni Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenmek isleýäris. Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Birleşen Milletler guramasy ýaly, öz hartiýalarynda adam hukuklaryny goramak boýunça maddalar bolan we bu ugurda Türkmenistan bilen dürli ylalaşyklara gol goýan guramalary hem öz täsirlerinden peýdalanmaga çagyrarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG