Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan 100 ýyl öň gyrlan ermenileri ebedileşdirer


Ermenistanyň Eçmiadzin baş ybadathanasy, Ýerewan
Ermenistanyň Eçmiadzin baş ybadathanasy, Ýerewan

Ermeni kilisesiniň 23-nji aprelde agşamky dini ybadatynda Osman imperiýasynda gyrylan 1.5 million ermenini ebedileşdirmegine garaşylýar.

Ermenistanyň Eçmiadzin baş ybadathanasynda ebedileşdirmek çäresiniň taryhda iň uly dabara boljagy aýdylýar.

Dabaranyň yzýany tutuş dünýädäki ermeni ybadathanalarynda jaň kakylar we yzýany dymyşlyk pursady yglan ediler.

I-nji Jahan Uruşy döwründe 1.5 million ermeniniň gyrylmagyna we deportasiýa edilmegine köp taryhçylar tarapyndan genosid hökmünde garalýar.

Türkiýe muňa garşy çykýar we heläk bolan ermenileriň sanynyň has azdygyny, olaryň graždan urşunyň netijesinde ölendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG