Sepleriň elýeterliligi

Metbugat azatlygy pese gaçýar


"Freedom house" 2014-de metbugat azatlygy peseldi diýýär.

"Freedom house" 2014-de metbugat azatlygy peseldi diýýär.

«Freedom House», «Azatlyk öýi» guramasy çäklendiriji täze kanunlar we žurnalistlere garşy ulanylan zorluklar 2014-nji ýylda dünýä ýüzünde metbugat azatlygynyň derejesiniň 10 ýyldan gowrak wagt içinde iň pes ýagdaýa düşmegine getirdi diýýär.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän guramanyň 29-njy aprelde çap eden täze hasabatynda metbugat azatlygynyň 2014-nji ýylyň dowamynda 18 ýurtda we territoriýada düýpli derejede aşak gaçandygy, Azerbaýjan, Serbiýa, Yrak ýaly ýurtlarda bolsa iň erbet peselişiň bolandygy aýdylýar.

«Freedom House» Belarusyň, Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krymyň, Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň atlaryny dünýäniň metbugat azatlygy boýunça iň erbet onlugyna girýän ýerleriň arasynda agzaýar.

Hasabatda Balkanlarda iň erbet baha Makedoniýa berlipdir, bu ýurtda metbugat azatlygynyň derejesi soňky bäş ýylda yzygiderli aşak gaçýar.

Hasabatda Azerbaýjanyň hökümetiniň howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar kanunlary esasynda media edaralaryny ýapmak we žurnalistleri tussag etmek usullaryny ulanmak bilen, iň erbet kanun bozujy bolandygy, bu ýurtda 1-nji dekabra çenli 9 žurnalistiň türmede saklanandygy aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda 2014-nji ýylyň dekabrynda derňewçi žurnalist we Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň hyzmatdaşy Hatyja Ysmaýylowanyň tussag edilendigi, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Azerbaýjandaky edarasynyň ýapylandygy we ol ýerde işleýän žurnalistleriň soraga çekilendigi bellenilýär.

«Azatlyk öýi» guramasy Orsýetiň media pudagynyň syýasy ýolbaşçylaryň hususy pudakdaky hemşerileri tarapyndan barha köp döwlet eýeçiligine geçirilendigini ýa-da hökümete garşy tankydyň biznes bähbitleri esasynda aşak basylandygyny aýdýar.

Agressiw propaganda

Mundanam başga, Orsýet propagandany has aktiw we agressiw, köplenç galp ýa gorkunç görnüşde ulanmakda, metbugat töwereklerini bulaşdyryp, hakyky žurnalizmi gysmakda tankyt edildi.

«Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki milli telewideniýesi içki oppozisiýany, Moskwanyň syýasaty bilen ugurdaş gopmaýan goňşy ýurtlary we dünýäniň has demokratik ýurtlaryny garalamaga gönükdirilen üznüksiz kampaniýa alyp barýar» diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de onda Orsýetiň mediasynyň rus jemgyýetçiligini Ukraina bilen urşa taýýarlamakda esasy rol oýnandygy aýdylýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Orsýetiň awgustda güýje giren kanuny bloglara we sosial ulgamlara täze gözegçilik girizýär, ýagny her günde 3 müňden gowrak adam girýän websaýtlaryň ählisiniň «media guramasy» hökmünde hasaba alynmagyny talap edýär.

«Freedom House» Ukrainanyň Orsýet «harbylarynyň ýurda girmegi bilen ýüzbe-ýüz bolup», rus telewizion kanallarynyň azyndan 15-sini alyp görkezmegi togtadandygyny aýdýar.

Yrakdaky ýaramaz ýagdaý ýurduň demirgazyk we günbatar böleklerinde uly territoriýanyň «Yslam döwleti» toparynyň eline geçmegi bilen bagly.

«Freedom House» Täjigistanyň Dagly-Badahşan awtonom regionynyň we Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krymyň žurnalistleriň repressiw hökümetler tarapyndan bilkastdan gadagan edilmeginiň «esasy mysallary» bolandygyny aýdýar.

Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wusiç ýurda gelen sil barada maglumat berilmeginiň öňüni baglajak bolmakda we «garaşsyz žurnalistlere bolan barha beter duşmançylykly ritorikasy» üçin tankyt edildi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG