Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaý, Hindistan $22 mld ylalaşyga gol çekdi


Hindistanyň we Hytaýyň firmalary 16-njy maýda Şanhaýda 22 milliarddan gowrak amerikan dollaryna durýan 21 ylalaşyga gol çekdiler.

Bu ylalaşyklara Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň üç günlük saparynyň jemlerinde gol çekildi.

Modi hytaý we hindi kompaniýalarynyň 200 sanysynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada «Geliň, özara bähbitler üçin bile işläliň» diýdi.

XS
SM
MD
LG