Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň altyn çaýylan heýkeli açyldy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň heýkeliniň açylyş dabarasy, 25-nji maý, 2015.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň heýkeliniň açylyş dabarasy, 25-nji maý, 2015.

Şu gün Aşgabatda “dabaraly ýagdaýda” prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji monumenti açyldy. Prezidentiň at üstünde oturan we altyn çaýylan heýkeliniň beýikligi 6 metre, tutuş monumentiň beýikligi bolsa 21 metre barabardyr.

“Arkadag binasy” diýlip atlandyrylýan bu monumentiň açylyşyna muňlerçe paýtagtly, esasanam mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary, studentleri, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri gatnaşdyryldy.

”Arkadag monumenti” diýlip at berlen bu bina paýtagtyň günortasyndaky baýyrlykda, “Aşgabat” köpugurly sport toplumynyň golaýynda, iki köçäniň kesişýän ýerinde ýerleşýär.

Altyn çaýylan, eli kepderili

Berdimuhamedowyň ýokary galdyryp duran sag eliniň aşagynda bolsa kepderi şekillendirilipdir. AFP habar agentligi, heýkele çaýylan altynyň hiliniň 24 karatdygyny habar berýär.

Mundan ozal bu monumentiň açylyş dabarasyna birnäçe günläp taýýarlyk görülipdi. Monumente barýan köçede we onuň töwereklerinde birnäçe aýlap gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri geçirildi.

Bitaraplyk prospektinden “Aşgabat” stadionyna barýan şol köçe we onuň trotuarlary ýuwlup, köçäniň gyralarynda uzaboýuna güller ekildi. Monumentiň öňünde bolsa ýörite sahna guruldy.

Bu çärä taýýarlygyň çäginde okuwçylar we edara-kärhanalaryň işgärleri birnäçe günläp monumentiň açylyş dabarasyna taýýarlyk repetisiýasyny geçdiler. Bu repetisiýalar dynç alyş günlerinde hem dowam etdirildi.

Heýkeli dikmek 'soraldy'

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň paýtagtyň gurluşygynyň täze etrabynyň proýekti bilen tanyşlygy mahaly wise-premýer we daşary işler ministri Reşit Meredow prezidentden “paýtagtyň gözel künjekleriniň birinde, görnükli ýerde prezidentiň” heýkeliniň oturdylmagyna ygtyýar bermegini sorapdy.

Şol ýygnakda şeýle heýkeliň oturdylmagy barada ýurduň ýolbaşçylaryndan we köp sanly raýatlardan teklipleriň gelendigi aýdylypdy. Şol gürrüňlerden bir ýyl çemesi geçensoň, Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň heýkeli peýda boldy.

Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda, prezident Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlanyp, ”Oguzkent” myhmanhanasynyň golaýynda ”Arkadag” seýilgähi hem açylar. Häzirki wagtda bu seýilgähiň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Bu Berdimuhamedowyň ilkinji heýkelidir. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ýurtda onuň şanyna onlarça heýkel gurlupdy. Nyýazow ölensoň, olardan käbirleri ýykyldy, käbirleri bolsa görer gözden çetleşdirilip, şäheriň gyrak-bujaklaryna göçürildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG