Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada adam hukuklary meselesine has çynlakaý üns bermäge taýynlanýar. Bu maglumat agzalýan Bileleşigiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynda nygtalýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň mazmuny agzalýan Bileleşige agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda 22-nji iýunda geçiriljek ýygnakda ýene bir gezek maslahat ediler.

Bu 2007-nji ýylda kabul edilen strategiýanyň täzelenen görnüşi bolup, ol ÝB-niň Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurt, ýagny Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan bilen gatnaşygyny öz içine alýar.

Ädiljek ädimler

Ädiljek ädimler hakda takyk maglumat berilmese-de, dokumentde ÝB-niň Merkezi Aziýada öňde goýýan maddalarynyň jemlenişmek, guramalaşmak hukugy, söz we dini azatlyklary, zenanlaryň, çagalaryň we milli azlyklaryň hak-hukuklary ýaly ýagdaýlary öz içine alýandygyny görse bolýar.

Dokumentde adam gynamalarynyň durzulmagy boýunça-da çäre görüljekdigi aýdylýar. Dokumentde ÝB-niň regionda adam hukuklary bilen bagly dowam edýän çynlakaý ýagdaýlara hem üns beriljekdigi nygtalýar.

ABŞ ýaly, Ýewropa Bileleşigi hem, adam hukuklary we demokratiýa ýaly ýagdaýlary gözden salmazdan, Merkezi Aziýada ýerleşýän energiýa baý bu ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamaga synanyşyp gelýär.

Jemgyýetçilik guramalary

ÝB-niň dokumentinde regionda adam hukuklary boýunça iş alyp barýan aktiwistleriň Ýewropanyň goldawyna haklydygyny we Ýewropa Bileleşigi bilen şol ýurtlaryň arasynda adam hukuklary boýunça geçirilýän dialogda jemgyýetçilik guramalaryna has köp rol berilmeginiň zerurdygy nygtalýar.

Agzalýan dialog ÝB bilen şol ýurtlaryň arasynda diplomatlar derejesinde her ýyl geçirilýär. Bu Brýusseliň adam hukuklary ýaly meseleleri gozgamak üçin mümkin bolan pursatlaryndan diňe biridir. Emma tankytçylar şu güne çenli bu çäräniň o diýen täsiriniň bolmandygyny aýdýarlar.

ÝB-niň strategiki dokumentinde üns berlen maddalardan ýene biri hem kanunuň üstünligini gazanmak üçin hyzmatdaşlygy artdyrmakdan ybaratdyr.

Şert

Şol maglumata görä, ÝB agzalýan ýurtlara berýän maliýe goldawlaryny dowam etdirmegi üçin korrupsiýa garşy göreş ýaly belli bir maksatlaryň gazanylmagyny şert hökmünde öňe sürer.

Dokumentde sebitiň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryna hem üns çekilip, daşary ýurt jeňçileri, aşa radikallaşma, neşe gaçakçylygy, suw we serhet boýunça oňşuksyzlyklar ýatlanyp geçilýär.

Ýewropa Bileleşigi merkezi aziýa ýurtlary bilen howpsuzlyk boýunça dialogy artdyrmagy we şol dialoga Owganystany hem goşmagy planlaşdyrýandygyny aýdyp, olaryň özara serhet liniýalarynyň barlygyna ünsi çekýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG