Sepleriň elýeterliligi

Balkanabat: çäkli suwuň çäklendirilmegi


Balkanabatda agyz suwy günde diňe dört sagat, ol hem iki tapgyra bölünip berilýär.

Balkanabatda agyz suwy günde diňe dört sagat, ol hem iki tapgyra bölünip berilýär.

Balkan welaýatynda agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýy Türkmenistanyň beýleki sebitlerine garanyňda has ýaramaz bolup galýar. Mysal üçin, ýurduň günbatar welaýatynyň merkezi şäherinde agyz suwy günde diňe dört sagat, ol hem iki tapgyra bölünip berilýär.

Balkanabatlylara agyz suwy irden sagat 6-8 we giçlik sagat 19-21 aralygynda goýberilýär. Emma režimli berilýän bu suwdan hem şäherlileriň ençemesi, has dogrusy, aglabasy doly peýdalanyp bilmeýärler.

Çäkli berilýän suwuň basyşynyň pes bolany üçin, ol köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatyndan ýokary çykmaýar. Käbir, şol sanda şäheriň 205-nji, 206-njy, 207-nji, 147-nji, 148-nji, 157-nji kwartallarynda bolsa suw hatda birinji gata çenli hem çykmaýar.

Bu ýagdaýdan çykalga hökmünde her bir gatyň ýaşaýjylary – gelýän suwuň akymyny güýçlendirmek üçin – öz hasabyna suw nasoslaryny oturtmaga mejbur bolýarlar. Emma, ortaça 60 manada durýan nasoslar hem suwuň kadaly akymyny ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýär.

Haçan-da ýaşaýyş jaýynyň ençeme hojalygy bir wagtda suw nasosyny ulananlarynda, şol tamyň beýleki ýaşaýjylary – nasos işledäýenlerinde-de, suw alyp bilmeýärler. Bu ýagdaýda gürrüňi gidýän jaýyň hojalyklary režimli berilýän suwy hem öz aralarynda paýlaşyp, “nasosy işletmegiň” tertibini ylalaşýarlar.

Suwuň çäkli tertipde akýan pursaty balkanabatlylar aglaba hojalyk we gigiýena hajatlary üçin ulanjak suwuny ýörite gaplary dolduryp, öňünden taýynlamak bilen gün görýärler.

Hojalyk jaýlary, döwlete degişli edaralar, şol sanda çagalar baglary we keselhanalar bolsa, öz howlularynda uly sisternalary abzallaşdyryp, suw meselesini çözmäge synanyşýarlar.

Şol bir wagtda, Balkanabatda suwuň çäkli ýagdaýda berilmegi bilen birlikde, suwuň hili bilen bagly ýagdaýlaryň hem bardygy nygtalýar. Ýaşaýjylar krandan berilýän suwdan öl heňiň ysynyň gelýändigini, gaplarda saklanýan suwlarda çägeli çökündeleriň hem emele gelýändgini aýdýarlar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, ýaşaýjysy 120 müň töweregi diýlip hasaplanýan Balkanabatda suwy filterleýän ýörite arassalaýyş desgalarynyň biri-de ýok.

Tomus aýynyň gelmegi bilen, şäherde suw üpjünçiliginiň ýagdaýy has-da kynlaşýar. Jöwzaly yssyda şäheriň dürli künjeklerinde suwuň ençeme günläp kesilýän halatlary hem bolýar. Mysal üçin, şu aýyň başynda Balkanabadyň “Baýoba” atlandyrylýan sebitinde we 205-nji, 206-njy we 168-nji kwartallarynda suw 30 sagatdan-da aşa wagt kesildi.

Balkanabatlylar agyz suw üpjünçiligi bilen bagly oňaýsyz ýagdaýlar barada şäher we welaýat häkimliklerine arz edip ýüz tutsalar-da, öz nalyşlarynyň jogapsyz galaýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ilaty “agyz suwy bilen üpjün etmek” bilen baglylykda işleriň alnyp barylýandygyny, suw süýjediji desgalaryň taslamalaryna “garalýandygyny” habar berýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG